Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri ýaşlar neşiriniň täze sanynda beýanyny tapýar
Jemgyýet
Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri ýaşlar neşiriniň täze sanynda beýanyny tapýar
Çap edildi 07.05.2025
2401

Türkmen ýaşlarynyň elektron neşiriniň ― «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Neşiriň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilendigini ýatladýarys.

Žurnalyň täze sanyndaky ilkinji makala «Ýaňlansyn parahatlyk aýdymy!» diýlip atlandyrylýar. Makalada ýaşlaryň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň käbiri barada gürrüň berilýär. «Ata Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty: halkara hyzmatdaşlygynda türkmen çemeleşmesi» atly makalada bolsa «Täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň dostluk, doganlyk, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly halkymyz halkara gatnaşyklarynda Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Dialog ― parahatçylygyň kepili» taglymatyna berk eýerilýär» diýlip bellenilýär.

Neşiriň täze sanynda rus dilinde berilýän ilkinji makalada Türkmenistan ― BMG gatnaşyklarynyň ähmiýetine we bu gatnaşyklarda ýaşlar babatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Şol sahypalardaky iňlis dilinde berlen makalada bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy we ynamy üpjün edýän möhüm binýat hökmünde dünýäde giňden goldanylýandygy beýan edilýär. 

Ýaşlaryň global parahatçylyk diplomatiýasyna goşýan goşandy, olaryň jemgyýetde eýeleýän orny hem-de ynsanperwer ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi «Ýaşlar we parahatçylyk diplomatiýasy» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. «Ynsanperwerligiň belent nusgasy» atly makalada bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda howandarlyga mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk we sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň üpjün edilýändigi aýdylýar. 

Milli sungatymyzyň ýurdumyzda we bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmekdäki orny baradaky pikirler neşirdäki indiki makalanyň süňňüni düzýär. Awtoryň esasy ylham çeşmesi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sungaty barada döreden eserleri. Elektron neşiriň ýaş alymlaryň ylmy gözleglerine bagyşlanan makalalar tapgyry onuň ýörite sanynda hem dowam etdirilýär. 

«Mukam mähribanlygynyň güýji» atly täsirli makalada türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk, agzybirlik we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiýatdaky beýany barada gürrüň edilýär. Neşiriň şu sanyndaky goşgular hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanypdyr.

Rus dilinde paýlaşylan indiki makalada Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda ýaşlar syýasaty ugrundaky dostlukly we ynanyşmakly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtalýar. «Dostlukly hyzmatdaşlygyň «deňiz derwezesi» atly makalada bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýurduň halkara ykdysady gatnaşyklarynda möhüm köpri wezipesini ýerine ýetirýändigi beýan edilýär. 

«Parahatçylyk binalary görner» atly makalada awtoryň saýlap alan mowzugy okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Makalada ýurdumyzda we Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna gurlan binalar dogrusynda söhbet açylýar. Şeýle binalaryň hatarynda paýtagtymyzdaky «Abadançylyk», Hindistandaky Täçmahal binalary, Angliýadaky «Big Ben» sagat diňi, Fransiýadaky Eýfel diňi we beýlekiler görkezilip, olar barada okyjylara maglumatlar berilýär. 

Neşir Awazada geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna hem dessine seslenýär. «Hyzmatdaşlyk arkaly» ösüş atly makalada bu maslahatyň ähmiýetine üns çekilýär. 

Sport parahatçylygyň iň möhüm şahalarynyň biri. Biziň ýurdumyzda-da «Sport arkaly parahatçylyk» ýörelgesine berk eýerilýär. «Sport ― parahatçylyk» atly makalada getirilýän taryhy we döwrebap maglumatlar awtoryň bu pikirini has berkidýär. 

Neşiriň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen maý aýy bilen bagly täleýnama maý aýynda 12 ýyldyz ýygyndysyna degişli adamlar üçin ýyldyznama görnüşinde çaklamalary berýär. Onda saglyk, iş, maliýe, maşgala gatnaşyklary ýaly durmuş babatdaky ýagdaýlaryň nähili boljagy barada maglumat berilýär. Däp bolşy ýaly, ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem maglumatlar ýerleşdirilýär.

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow