Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde behişdi bedewleriň şanyna maslahat geçirildi
Jemgyýet
Arkadag şäherinde behişdi bedewleriň şanyna maslahat geçirildi
Çap edildi 30.04.2025
1884

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çärelerde-de häzirki döwrüň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy. Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynda «Arkadag şäheri — ahalteke atlarynyň mekany» ady bilen guralan hoşallyk maslahatynda hem golaýda bu ýerde bolan şanly wakalaryň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi.

Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara bäsleşiklerde, festiwallarda mynasyp bolan baýraklary we dürli gymmatlyklar görkezildi. Sergide ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyzyň zehininden dörän kitaplara möhüm orun berildi.

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, belli atşynaslaryň, ylym-bilim işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatynda bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlere goýulýan hormat-sarpany has aýdyňlygy bilen äşgär edendigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän bu toprak ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanýar. Taryhyň dowamynda bu ýerde paýhasly pederlerimiziň yhlasy bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan, “ganatly atlar” diýlip ykrar edilen bedewler ösdürilip ýetişdirilipdir. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen tutumly toýlar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlere ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şanly senäniň hormatyna guralan dabaralar tutuş ýurdumyzy gurşap aldy.

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirilip, ýeňijiler sylaglanyldy. Paýhasly pederlerimiziň milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän seýislerdir çapyksuwarlar ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde, uzak aralyga guralan marafon ýaryşynda, baýramçylyk at çapyşyklarynda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Olara gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary, awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden hoşallyk maslahatynda häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň dünýädäki şöhratynyň barha belende göterilýändigi bellenildi. Çykyş edenler Arkadag şäherinde atçylyk sungatynyň özboluşly nyşanyna öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagynyň, şäheriň gözel künjeginde “Taýçanak” monumentiniň ýerleşdirilmeginiň halkymyzyň bedewlere bolan buýsanjyny has-da artdyrandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, “Taýçanak” monumentiniň özboluşlylygy, binagärlik çözgüdi ynsan gylykly bedewlere bolan söýgini özünde jemleýär. Munuň özi halkymyzyň dünýäde öçmejek şöhrata eýe bolan bedewlerine kalbynyň töründen orun berýändigini aňladýar.

Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýetilýän belent sepgitleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy öz beýanyny tapdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow