Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
Çap edildi 29.04.2025
65

Şu gün ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň hem gurulmagy täze şäheriň uzak geljegi nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şäheriň çäklerinde gurulýan döwrebap seýilgähiň şekil taslamasy, onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň, oturgyçlaryň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow görkezilýän taslamalaryň özboluşly aýratynlyklary, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähiniň kiçi binagärlik görnüşleri, Arkadag şäheriniň metjidiniň derwezesiniň we bu binalar toplumynyň ýerleşiş meýilnamasy, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler bar. Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Arkadag şäherinde gurulýan täze seýilgähde döredilýän amatlyklar, onuň bezeg aýratynlyklary häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Bu ýerde ýerleşdirilýän oturgyçlaryň, beýleki şekilleriň reňk sazlaşygyna, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamyna, onuň çäklerinde oturdyljak şekilleriň hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Seýilgähiň çägindäki ýodalaryň ýakalarynda oturdyljak yşyk sütünleri, ýoluň ugruny görkezýän şekiller çagalarda özboluşly höwes döretmelidir. Umuman, seýilgähiň dürli görnüşli bagy-bossanlyga bürenmegi we onuň şäheriň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirmegi wajypdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns berilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Täze seýilgähi abadanlaşdyrmak işlerinde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Seýilgähiň çäginde suw çüwdürimleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns berilmelidir. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Täze şäheriň metjidiniň gurluşygynda we binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklarynda millilige wajyp orun degişli bolmalydyr. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle-de degişli ekologik derejäni saklamaga möhüm ähmiýet berilmegi esasy talapdyr diýip, hajy Arkadagymyz nygtady we metjidiň bezeg işlerine, onuň germewleriniň görnüşlerine birnäçe belliklerini aýtdy. Arkadag şäheriniň çägindäki döwrebap ýoluň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki bu künjek ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanýar. Bu ýerde paýhasly pederlerimiziň yhlasy bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan atlar ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Ahalteke atlary şaýolunyň girelgesindäki döwrebap binanyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýakynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramy tutumly toýlara, giň möçberli dabaralara beslendi. Bedew seýislemegiň we at çapmagyň milli usullaryny häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürýän atşynaslar topary ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde, uzak aralyga guralan bäsleşikde, baýramçylyk çapyşyklarynda ýeňiş gazanyp, döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýraklara mynasyp boldular. Munuň özi ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ganatly bedewleriň şöhratynyň has-da belende göterilýändigine şaýatlyk edýär. Bu hakykat ussat atşynaslara gymmat bahaly sowgatlaryň, pul baýraklarynyň, awtoulaglaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabaralarynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň atşynaslaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenendigini belläp, häzirki döwürde ykbalyny bedewlere baglan atşynaslaryň atdan myrat tapýandygyny aýtdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleri dowam etdirýän we olary nesilden-nesle geçirýän atşynaslaryň bagtyýar zamananyň eşretleriniň hözirini görüp ýaşaýandyklarynyň, olaryň atşynaslyk däplerimizi dowamata atarýandyklarynyň güwäsidir.

Ahalteke atlary şaýolunyň esasy girelgesiniň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, Gahryman Arkadagymyz bu binanyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýoldan geçýän ulaglar üçin girelgäniň kada laýyk bolmalydygyny nygtady. Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desganyň gurluşyk işlerine häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen we dünýäniň atçylyk sungatynyň özboluşly nusgasyna öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, bu ýoluň ugrunda “Taýçanak” binasynyň ýerleşdirilmegi şöhratly bedewlerimize bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. “Taýçanak” binasynyň dünýäniň hiç bir künjeginde gabat gelmeýän özboluşly gurluşy türkmen halkynyň ynsan gylykly bedewlerine kalbynyň töründen orun berýändigini aňladýar. Munuň özi taryhyň dowamynda uly abraýa we şöhrata mynasyp bolan türkmen bedewine bildirilýän hormat-sarpanyň beýanydyr. Şunlukda, bu binanyň her bir adamda, aýratyn-da, ýurdumyzda saparda bolýan myhmanlarda, dünýäniň atşynaslarynda ýakymly täsirleri galdyrjakdygy şübhesizdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda kesgitlenen wezipeleri degişli derejede berjaý etmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
30.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
29.04
Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy
29.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.04
Türkmenistan halkara söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.04
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
top-arrow