Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlar ajaýyp sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar we keçe basýarlar. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir.
Türkmen zergärçilik sungatynda bedewleriň şaý-sepleri aýratyn orny eýeleýär. Taryhyň dowamynda ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi bilen şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň ünsüni özüne çekipdir. Bu ýörelge häzirki zamanda hem döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýär. Şeýle-de bu ýerde tejribeli we ýaş heýkeltaraşlaryň döreden eserleri görkezilýär. Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dürli tilsimleri, çeýeligini, ussatlygyny görkezýän pälwanlaryň göreşini synlady.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary, tans toparlary dabara gatnaşýanlary joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.
Behişdi bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly dosty, hemrasy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelipdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Halkymyzda seýisçilik däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Bu gün ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri Ýer ýüzüniň atşynaslarynyň ünsüni çekýär. Halkymyz ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlaryň özboluşlylygyny biziň günlerimize hem ýetirmegi başarypdyr. Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde dabaralar guralýar. Onuň esasy bezegi bolsa at çapyşyklarydyr.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özi üçin bellenen ýere geçýär.
Ady rowaýata öwrülen bedewlere belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Muňa ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş, iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy-da aýdyň mysaldyr. Şunuň bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýä derejesinde wagyz etmekden ybaratdyr.
...Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Ussat atşynaslar we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp tohum atyny döredip, tohum arassalygyny saklamak bilen, olary has-da kämilleşdirýärler. Ata-babalarymyzyň seýisçilik ýörelgeleri gadymdan gelýän özboluşly atşynaslyk däplerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Munuň özi ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, häzirki günde halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewlere aýawly çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
...Baýramçylyk mynasybetli geçirilen şu günki at çapyşygy türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlardan erjelligi, dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi, atlara bolan söýgini we üşügi talap edýär. Şu gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.
Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Onda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Babadaş atly mele aty gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.
Ikinji çapyşykda hem aralyk 1400 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Goar II atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Üçünji çapyşykda bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda çapyksuwar D.Azadowyň erk etmeginde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty ýeňiş gazandy.
Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gazanar atly al aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow.
Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga ýaryşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.
Altynjy çapyşykda dört we ulyýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Gudratlydag atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň şöhratly geçmişimizi, häzirki döwrümiziň ägirt uly özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Polat atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Seýidow. Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we şan-şöhrata eýe boldular.
Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Altynhan atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Y.Çopanow.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.
Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek babatda yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini dowam etdirmekde mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly sowgat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.