Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
Sport
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
Çap edildi 23.04.2025
77

Şu gün paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar. Bu waka türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine halkara bileleşigiň berýän ýokary bahasynyň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň halkara standartlara laýyklykda gurlan desgalarynda birnäçe iri sport ýaryşlary üstünlikli geçirildi.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Oňa Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden ezber türgenleriň 5 müňden gowragy gatnaşdy. 2018-nji ýylda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty guraldy. 2023-nji ýylyň iýunynda Aşgabat 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça toparlaýyn Merkezi Aziýa çempionatynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Bu ýaryşda 6 ýurtdan — Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan ýaş türgenler çempionlyk ugrunda bäsleşdiler. Şol ýylyň noýabr aýynda bolsa Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty guraldy. Oňa dört yklymyň 45 ýurdundan türgenler gatnaşdy. Çempionatda türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bürünç medallardyr.

Soňky ýyllarda alnyp barylýan köpugurly işleriň netijesinde paýtagtymyz ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolýar. 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sport jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza bildirilýän uly ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, wagyz etmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryň ykrar edilýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Şol ýylda Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanda GDA agza ýurtlaryň we beýleki döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem ýurdumyzyň sport senenamasynda möhüm orun aldy.

Ine, bu gün bolsa Aşgabatda ýene bir wekilçilikli bäsleşik — sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guralýar. Oňa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar. Bu halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.

Milli we guşakly alyş göreşi türkmen halkynyň hem-de dostlukly halklaryň gahrymançylykly ruhuny, edermenligini, sport medeniýetini alamatlandyrýan göreş sportunyň görnüşleridir. Başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşleri diňe bir sport bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halklarymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir, nesilden-nesle geçip gelýän asylly däp-dessurlaryň hem özboluşly beýanydyr. Türkmen halkynyň öz milli göreşine bolan söýgüsi «Göreşde ataň bolsa-da, ýyk», «Göreşen ýykjakdyr, ýaryşan ozjakdyr», «Göreş bir abraýdyr, uruş bir desdir», «Ýykylan göreşden doýmaz» ýaly parasatly nakyllarda öz beýanyny tapýar.

Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gysga döwrüň içinde türkmen milli göreşi boýunça dünýä we Aziýa çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda 24 ýurtdan pälwanlaryň gatnaşmagynda türkmen milli göreşi boýunça I dünýä çempionatynyň we guşakly göreş boýunça XII dünýä çempionatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda türkmen milli göreşi bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2015-nji ýylyň 12-nji noýabrynda döredilen Bütindünýä Göreş federasiýasy (WGF) häzirki wagtda Aziýadan, Ýewropadan, Günorta Amerikadan jemi 20-den gowrak milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär. Olaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasynda sebit ýaryşlary guralyp başlandy. Bu bolsa türkmen göreşiniň halkara sport giňişliginde mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşýar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Bütindünýä Göreş federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda türkmen milli göreşini dünýäniň dürli künjeklerinde mundan beýläk-de ýaýratmak üçin yzygiderli işleri alyp barýarlar.

2017-nji ýylyň martynda Litwa Respublikasynda Ýewropanyň Göreş federasiýasy döredildi. Eýýäm şol ýylyň 29-njy aprelinden 2-nji maýy aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Nowi-Sad şäherinde sebitiň taryhynda ilkinji gezek 10 ýurtdan — Belarusdan, Azerbaýjandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Litwadan, Polşadan, Serbiýadan, Ukrainadan, Gruziýadan we Russiýadan pälwanlaryň gatnaşmagynda türkmen göreşi boýunça Ýewropa çempionaty guraldy. 2017-nji ýylyň maýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen milli göreşi boýunça I Afrika çempionaty geçirildi. Türkmen milli göreşi 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem aýratyn sport görnüşi hökmünde girizildi.

...Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu sport desgasy iri ýaryşlary geçirmäge, türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänlere hyzmat edýär.

Bu ýaryşyň guramaçylygy babatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasy we Bütindünýä Göreş federasiýasy tarapyndan hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Olimpiýa şäherçesinde türgenler hem-de bu abraýly ýaryşa gatnaşjak her bir adam, myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 100 sany meýletinçi taýýarlanyldy. Mundan başga-da, myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Garaşsyzlyk binasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, «Berkarar», «Aşgabat», «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görmegi we paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan giň gerimli medeni maksatnama işlenip düzüldi. Şeýle-de ýaryşyň maksatnamasynda eminler we bäsleşigi guraýjylar üçin halkara okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň biri düýn Olimpiýa şäherçesinde geçirildi.

Şu gün ýaryşa gatnaşyjylar Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Uzak garaşylan pursat gelip ýetýär: sport toplumynyň meýdançasyna halkara ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy başlanýar.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn uly ähmiýet berendikleri, pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli mekdebini döredendikleri nygtalýar. Türkmen milli göreşi bilen bir hatarda, göreşiň beýleki görnüşlerine, şol sanda guşakly alyş göreşine hem uly üns berilýär. «Pederlerimizden miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr. Häzirki döwürde hem göreş sungatymyz milli gymmatlyk hökmünde yzygiderli ösdürilýär» diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça türgenleriň ussatlygyny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetýär: sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň astynda Watanymyzyň ýaşyl tugy ýokary galdyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň başlygy Şöhrat Mämmedow we Bütindünýä Alyş federasiýasynyň (WAF) prezidenti Adilet Baýaman Uulu çykyş edip, sporty, hususan-da, guşakly göreşi ösdürmäge uly üns berýändikleri, ýokary wekilçilikli halkara ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem sport guramalarynyň ýolbaşçylary ýaryşa gatnaşyjylary oňa badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdiler.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, joşgunly aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra ýaryşyň maksatnamasynyň birinji görnüşi — türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda bäsleşiklere orun berildi. 8 agram derejesiniň ählisinde türkmen türgenleri ýeňiji boldular. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar.

Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal (8 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç) gazandy. 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gyrgyzystanyň topary ikinji; 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen Owganystanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeleýär. Özbegistanyň topary 3 bürünç medal, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň toparlary bolsa hersi bir bürünç medal gazandylar.

24-nji aprelde guşakly alyş göreşiniň ussatlary erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört medal toplumy ugrunda göreşerler.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
23.04
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
23.04
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
23.04
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.04
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
22.04
Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow