Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
Çap edildi 23.04.2025
85

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri birleşdirýän möhüm meýdança öwrüldi. Onuň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolan pudaklara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Forumyň işine gatnaşýan kompaniýalaryň giň wekilçilikli düzümi halkara işewürleriň geljegi uly maýa goýum ugry hökmünde Türkmenistana gyzyklanmalarynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Çäräniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz halkara forumyň maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli hem-de halkara derejede energetikanyň durnukly geljegini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem bu ugurda wajyp ädim boldy. Bu barada “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny” atly mowzukda guralan esasy mejlisiň dowamynda giňişleýin durlup geçildi. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy gazyň baý gorlarynyň bolmagy ýurdumyza ygtybarly energetika we üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek işine uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

Forumyň gün tertibine ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýady, nebitgaz senagaty we beýleki pudaklarda täze maýa goýum taslamalary ýaly ugurlar boýunça möhüm meseleler girizildi. “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa” atly birinji bölümçesinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat aldylar. Toplumy ösdürmegiň strategiýalarynda iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň energetika ulgamy üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna üns berip, Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmaga bagyşlanan bölümçäniň dowamynda ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna, onuň gadymy täjirçilik ýollarynyň gaýtadan dikeldilmeginde, “TRACECA” başlangyjy esasynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuna garaldy. Şähergurluşyk barada aýdylanda, durnukly ösüşiň nusgasy bolup durýan Arkadag şäheriniň innowasion taslamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekmek zerurdyr. Häzirki wagtda bu “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäherdir. Ol öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda we amatly hem-de durnukly şäher gurşawyny döretmekde Türkmenistanyň strategik ugrunyň üstünlikleriniň görkezijisidir. Bu şäher birnäçe abraýly baýraklar we güwänamalar bilen tassyklanan giň halkara ykrarnama eýe boldy.

Forumdaky çykyşlarda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, dostlukly gatnaşyklary berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyza howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigine teklip etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna we ösüp barýan döwletleriň ornuny güýçlendirmäge esaslanýan adalatly, deňeçer halkara gatnaşyklar ulgamynyň kemala getirilmeginde Malaýziýa bilen garaýyşlary meňzeş bolup, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär.

Türkmenistanyň energetika pudagynda giň maýa goýum mümkinçilikleri nebit we nebithimiýa pudaklarynyň ösüşi üçin uly geljegi açýar. Ýurdumyzyň strategik çemeleşmeleri ykdysady ösüşi goldamak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak üçin ägirt uly uglewodorod gorlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Dünýä bazarlary üçin goşulan bahasy ýokary bolan önümleri öndürmegi ugur edinýän döwrebap nebithimiýa toplumlaryny gurmak we ösdürmek boýunça taslamalar uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, iri känlerde nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmak, geologik barlaglara innowasiýalary çekmek, magdan we magdan däl gazylyp alynýan baýlyklary agtarmak hem-de ýüze çykarmak üçin mümkinçilikler bar.

Milli senagat düzüminiň, hyzmatlar ulgamynyň ösdürilmegi-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Önümçiligiň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, dokma we azyk senagaty ýaly möhüm ugurlarda eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ykdysady ösüşe goşmaça itergi berýär. Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Şeýle tagallalaryň çäklerinde hususy pudagyň ösdürilmegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny berkitmek babatda çäreleriň amala aşyrylmagyna uly üns berilýär.

Durnukly geljegi döretmekde arassa energiýanyň ähmiýetine bagyşlanan pikir alyşmalaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça hereketlerde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ekologiýa jogapkärçilikli çemeleşmäge ygrarlydygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy. Onda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigi yglan edildi. Şoňa görä, forumda metan zyňyndylaryny hem-de kömürturşy gazyny azaltmak boýunça tagallalaryň çäklerinde pul serişdelerine öwrüp boljak uglerodlaryň syzylyp çykmagynyň öňüni almak, peýdalanmak we saklamak ýaly ugurlarda innowasion çözgütleriň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zyýanly zyňyndylary azaltmaga, ählumumy howa maksatlaryna laýyk gelýän arassa energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalara maýa goýumlary höweslendirmek boýunça çäreler hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi özara maýa goýumlaryň höweslendirilmegini, işewürligi ýöretmek üçin amatly şertleriň döredilmegini, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, gurluşyk, nebit we gaz serişdelerini gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda geljegi uly bilelikdäki işleri öz içine alýar.

Malaýziýanyň paýtagtynda işjeň ýagdaýda geçýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum iki ýurduň wekilleriniň arasynda giňişleýin gepleşikleri geçirmek üçin hem amatly meýdançadyr. Ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyjylar çäräniň netijeliligine ýokary baha berip, onuň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygy berkitmek we iki ýurduň ykdysadyýetlerini has-da ösdürmek üçin uly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
23.04
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
23.04
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
23.04
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.04
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
22.04
Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow