Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna-da aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklary berkitmek babatda alyp barýan işlerini hem bellemek gerek.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, golaýda Diýarymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine giň gerim berildi. Bu şanly senäniň hormatyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu gezekki weloýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň we çagalaryň arasynda bedenterbiýe, sport hereketiniň işjeňleşdirilmegine zerur üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanlaryň ägirt uly hatary welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.
Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde ekologik meselä möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ýakynda hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine badalga berdi. Bu asylly çäräniň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde giň gerim bilen geçirilmegi watandaşlarymyzyň bu işi doly goldaýandygynyň, oňa işjeň gatnaşýandygynyň güwäsi boldy. Bu bolsa ähli ýaşdaky ildeşlerimiziň sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Köp ýyllaryň durmuş tejribesiniň subut edişi ýaly, bu çäre merdana halkymyzy, aýratyn-da, ýaşlary täze zähmet ýeňişlerine, belent üstünliklere ruhlandyrýar we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagdyn ekologik ýagdaýyň emele gelmegini üpjün edýär.
Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ynsan bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşygyň ähmiýetlidigini, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsiniň ýokarydygyny görkezýär. Şunda ekologik abadançylygyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ussatlaryny, degişli düzümiň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribe hem-de mümkinçilikler bardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, şol sanda gelin-gyzlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sport bilen meşgullanmaklary babatda ähli zerur şertler döredilýär.
Soňky ýyllarda dünýäde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň türgenleri, şol sanda zenan türgenlerimiz halkara derejede geçirilýän giň möçberli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýarlar. Olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary ýurdumyzda gender deňliginiň ähli kadalarynyň ýokary derejede amal bolýandygynyň beýanydyr. Bu bolsa sagdyn nesilleriň kemala getirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şu maksat bilen, eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek, şol bir wagtyň özünde zenan türgenleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Ilatyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nazara alanyňda, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigini bellemek gerek. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň: “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, bu ugurdaky işler täze taryhy döwürde mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Şol tagallalar eneleriň saglygyny berkitmäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny hem-de ösüşini gazanmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu bolsa sagdyn nesliň kemala gelmeginiň, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda edilýän tagallalar oňyn netijelerini berýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen saglyk merkezleri gurlup, olarda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda bejeriş işleri alnyp barylýar.
Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan saglyk merkezlerinde işleýän lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenilmegi saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şunda ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi, olarda ýüze çykýan keselleriň öňüniň alynmagy möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş merkezleriniň döwrebap talaplara, ösen halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barýan işleri bu ugurda öňde durýan wezipeleriň netijeli amala aşyrylmagynda wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi nesilleriň bagtyýar geljegine gönükdirilýän maýa goýumlardyr. Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyzyň bu ugurda öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtamaly. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň barha kämilleşdirilmegine giň ýol açýar.
Häzirki zaman saglyk merkezleri enjamlaşdyrylyşy babatda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. Şunda nesilleriň sagdynlygyna, olaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn we bagtyýar çagalaryň ösüp kemala gelmegi, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde Diýarymyzda çagalaryň ýokary hilli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen forumyň gün tertibine ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň zehinlerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem halkara forumyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup, ol maslahatyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak gadymdan gelýän ynsanperwer däplerdir. Halkymyzyň her bir pursatda çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ýurdumyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däpler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär.
«Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, foruma gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzüminiň hyzmatdaşlyga, onuň geljegine düşünmäge hem-de çagalaryň bähbidine bilelikdäki wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýarlyga bolan uly özara gyzyklanmanyň bardygyny görkezýändigini belledi. Gaznanyň döredilen gününden bäri geçen döwür iş ýüzünde bähbitli bolan köp sanly möhüm işlere baý boldy. Şol bir wagtyň özünde amaly tejribe toplandy, täze başlangyçlar hem-de iş ugurlary peýda boldy diýip, O.Atabaýewa nygtady we häzirki wagtda gaznanyň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandygyny, şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde ýokary derejede geçirilýän forumlarda döwletara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge gönükdirilen başlangyçlar we teklipler bilen yzygiderli çykyş edýändigini hem-de adam hakynda aladanyň, raýdaşlyga, özara goldaw bermäge gönükdirilen şeýle çemeleşmäniň halkara ynsanperwer işlerde möhüm ölçeg we esas bolmalydygyny, Türkmenistanyň muňa doly ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, munuň halkara, jemgyýetçilik we haýyr-sahawat düzümleriniň işjeňligine degişlidigi hem-de olaryň maksadynyňdyr wezipeleriniň adamlaryň meselelerini, zerurlyklaryny çözmäge we olar hakyndaky alada gönükdirilmelidigi aýdyldy.
Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň beýleki döwletler we abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ugurly halkara gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu bolsa özara tejribe alyşmakda hem-de täzeçil usullary özleşdirmekde ähmiýetli ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara giňişlikde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we işjeň başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellemeli.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti, ilki bilen, Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynda saparda boldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdy. Şonda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiziň Monako amala aşyran sapary bu ýurtda 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň geçirilýän günlerine hem gabat geldi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu festiwalda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzy diýseň buýsandyran şatlykly waka öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygynda bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II bilen duşuşygynda Monako bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň uly geljeginiň bardygyny nygtapdy. Bu meseleler gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde has-da ilerledilip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler we halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer ýörelgeleri baradaky maglumatlar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn wagyz edilmegi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä nusgalykdygynyň güwäsidir. Şunda dünýäniň iri media düzümleriniň biri bolan “Euronews” teleýaýlymynyň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, onuň ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary, zähmet ýeňişlerini beýan edýän maglumatlary tomaşaçylara yzygiderli hödürleýändigini bellemek gerek. Munuň özi soňky ýyllarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere halkara giňişlikde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer ýol-ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da ilerledilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.