Baş sahypa
\
\
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew saýlawçylar bilen duşuşyk gecirdi
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew saýlawçylar bilen duşuşyk gecirdi
Çap edildi 24.01.2017
1238

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Dalaşgäriň ynanylan wekili J.Annaýewiň zähmet terjimehaly bilen tanyşdyryp, ony jogapkär, tejribeli ýolbaşçy, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmek barada tagalla edýän adam hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra ýokary döwlet wezipeli dalaşgäre söz berildi. J.Annaýew üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi. Dalaşgär maksatnamanyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasyna eýerjekdigini nygtady. Döwletimiziň demokratik hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milletiň ruhy-ahlyk gymmatlyklaryny artdyrmak ugry yzygiderli dowam etdiriler. Özara gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Şol sowallaryň köpüsi oba hojalygyny özgertmek meselesi bilen bagly boldy. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berler. Hususan-da, ýerleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli sürmek, suwaryş akabalaryny arassalamak, ekerançylary ýeterlik möçberde mineral dökünler hem-de tohumlar bilen üpjün etmek meselelerine üns berler. Şeýle hem ýerden netijeli peýdalanmaga hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, daýhanlaryň öz zähmetine gyzyklanmasyny höweslendirmäge gönükdirilden çäreler möhüm hasaplanylýar. Şunuň bilen birlikde, dalaşgär agrar ylmy ösdürmegiň we bu möhüm ulgamda işleýän alymlara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyny aýtdy. J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlarynyň öňýanyndaky maksatnamasynyň aýry-aýry ugurlaryny, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny hem-de ulag ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bilim, saglygy goraýyş, pensiýa üpjünçiligi ulgamlarynda özgeprtmeleri amala aşyrmak hem-de hususy telekeçiligi ösdürmek babatdaky ugurlaryny anyklaşdyrdy. Duşuşygyň barşynda saýlawçylary ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümçilige iň täze ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak ýaly meseleler hem gyzyklandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hoşniýetli duşuşugy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, saýlawçylary eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösdürmek üçin güýç –gaýratyny gaýgrymajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow