Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
Jemgyýet
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
Çap edildi 25.03.2025
2474

Şu gün paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda alym Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Şunda, aýratyn-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly meselelere möhüm orun degişlidir. Şunda gaznanyň alyp barýan işiniň, esasan, saglygy goramak meseleleriniň çözülmegine, hemaýata mätäç çagalara, şol sanda dünýä ýurtlarynyň dürli sebäplere görä ejir çeken çagalaryna kömek-goldawyň berilmegine gönükdirilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigi yglan etmegiň meselelerine garaldy. Çagalaryň arasynda guralmagy meýilleşdirilýän döredijilik bäsleşigine 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bäsleşik mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenilýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda üç ugur boýunça geçiriler. Şunda surat çekmek, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary ýaly ugurlar kesgitlenildi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine aýratyn üns berildi. Munuň özi giňden wagyz edilmeli işlerdir. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler giňden beýan edilmelidir.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, dört ýyla golaý döwrüň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini, onuň ýardam bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar hassahanalaryna dünýäniň iň kämil saglygy goraýyş enjamlarynyň oturdylandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň, teleradioýaýlymlarynyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri wagyz etmekde täzeçil usullardan netijeli peýdalanmaklaryna uly üns berildi. Munuň özi dünýä nusgalyk asylly işleriň halkara giňişlikde giňden beýan edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Şoňa görä, gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde wajyp ähmiýeti bolan bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine, gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän asylly işleriniň metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda giňden wagyz edilmegini guramaga jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň işini ösdürmek we onuň degişli düzümler bilen bilelikdäki tagallalaryny işjeňleşdirmek meselelerine-de seredildi. Aýratyn-da, ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli maglumatlar, ýurdumyzda bolşy ýaly, halkara media giňişliginde-de giňden beýan edilmelidir. Şunda maglumatlaryň taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda täzeçil usulda çemeleşilmelidir.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
top-arrow