Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 24.03.2025
197

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan bu Kararnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen diplomatiýasynyň gazanan ägirt uly üstünligidir. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda indi üçünji gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär.

Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir.

Hormatly adamlar!

Parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlyklardyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda kesgitli ugur hökmünde bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän däplere eýerdi. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda toplanan gymmatly tejribelerimiz Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri özara ynanyşmak, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm guralydyr. Bitaraplyk biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemleýär hem-de dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirýär.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr, sebitde hem-de dünýäde ygtybarly daýanjydyr. Paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işleri alyp barmagy, dünýäniň syýasy senenamasynda Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýa, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän mysallardyr.

Hormatly adamlar!

Biz ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýarys. Dünýäniň we sebitiň parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy bilen bagly anyk tekliplerimizi öňe sürýäris, durnukly ulag, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýäris. Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen täze Kararnama hem alyp barýan syýasatymyzy mundan beýläk-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge gönükdirmäge borçlandyrýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny has-da artdyran şanly waka — “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk kadalaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýä giňişligindäki at-abraýy has-da pugtalansyn!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
26.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
25.03
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
25.03
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
24.03
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
top-arrow