Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
Jemgyýet
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
Çap edildi 24.03.2025
713

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. “Mekan” köşgüne ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

Maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Soňra köşgüň sahnasynda “Ýaşasyn Bitarap Türkmenistan!” atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan taýýarlanylan kompozisiýada Ýer ýüzüniň halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmekde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti beýan edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmeginiň Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýändigi bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenip, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Olaryň gutlag sözleri Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi baradaky ajaýyp arzuwlar bilen utgaşdy.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hemmeleriň şatlygyny goşalandyrdy. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama BMG-niň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendine laýyklykda kabul edildi. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýanyň, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtadylar. BMG-niň we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetine we BMG-niň täze Kararnamasyna aýratyn ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň birnäçe gezek tassyklanylmagy hem-de bitaraplygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň arasyndaky arabaglanyşygyň ählumumy derejede ykrar edilmegi dünýädäki ýagdaýlaryň häzirki çylşyrymly döwründe has-da möhümdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolup, onda parahatçylykly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini dowam etdirmeginiň, hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky teklibiniň möhüm başlangyçdygy nygtaldy.

Daşary ýurtly ilçiler BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly täze Kararnamany kabul etmegini “türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky taryhy ýeňşi” diýip atlandyrdylar hem-de bu ajaýyp waka bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Soňky habarlar
15.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
14.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
14.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
14.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
13.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.04
Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä giňişligindäki nobatdaky ykrarnamasy
13.04
Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň esasy maksady
top-arrow