Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Jemgyýet
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 21.03.2025
67

Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

Gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramy tebigatyň oýanmagyny we ýaşaýşyň täzelenmegini alamatlandyrýar. Baharyň gelmegi bilen daş-töweregimizdäki ähli zat gözümiziň alnynda özgerýär, reňbe-reň gül açýar, ýer ýaşyl begrese bürenýär. Köpetdagyň dag etekleriniň ajaýyp tebigy gözelligi, ösümlikleriň we gülleriň ysy bark urýan arassa howa hemmeleriň göwnüni göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasynda mynasyp orun eýeleýän bu ajaýyp baýramyň köp asyrlyk däp-dessurlary täze mazmuna eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň gün tertibiniň “Dünýä medeniýeti” bölüminiň çäklerinde 21-nji martda Halkara Nowruz gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi bu ajaýyp baýramyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de raýdaşlygy berkitmekde ähmiýetiniň we ornunyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Nowruz döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny, umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň mizemezligini özünde jemlemek bilen, medeniýetara dialogyň ajaýyp mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza iberen Gutlagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň - Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýeti has-da ýokarlanýar diýip belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigatda täzelenişiň, gülleýişiň baýramy bolan Nowruz ynsan kalbyna tämiz duýgulary eçilýär, gözellige, abadançylyga söýgi döredýär. Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornapdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär diýlip, hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk Gutlagynda bellenilýär.

Şu gün “Nowruz ýaýlasynda” giňden tutulýan türkmen toýunyň şowhunly ýagdaýy emele geldi, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Baýramçylyk dabaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserleri, şeýle hem halkymyzyň gadymdan gelýän, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, açyklyga, zähmetsöýerlige we döredijilige esaslanýan däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

“Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly parasatly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri we senetleriň görnüşleri görkezildi.

Soňky habarlar
21.03
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
M.A.Işangulyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmenistanyň Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
20.03
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
top-arrow