Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Jemgyýet
Çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Çap edildi 20.03.2025
2324

Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan häzire çenli amala aşyrylan işleriň, şol sanda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmegiň saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara uly hemaýat berýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barha giň gerime eýe bolup, ol goňşy we sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň çagalaryna-da degişli derejede ýardam berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryp, beren gürrüňleri üçin O.Atabaýewa hoşallyk bildirip, bu çäreleriň diňe öwgä mynasypdygyny aýtdy we onuň işleriniň barha öňe ilerläp, mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýandygy bilen baglylykda, bu senäniň halkara derejeli çäreleriň geçirilmegi arkaly bellenilmegi baradaky wezipelere hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, käbir degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ilçi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň işini has-da öňe ilerletmek ugrunda, şol sanda ony halkara derejede ösdürmek maksady bilen, bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady. Munuň özi gatnaşyklaryň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine, täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belländigine üns çekdi.

Duşuşykda Milli Liderimiziň bu ugurda kesgitlän wezipeleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, olary ýerine ýetirmegiň gaznanyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistanyň yzygiderli eýerýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dost-doganlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Bu işleriň bütin dünýäde hem-de ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda amala aşyrylmagy özboluşly mazmuna eýe bolar diýip, duşuşykda nygtaldy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow