Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 18.03.2025
1985

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän serginiň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklara, Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler. Milli we halkara sergiler, forumlar döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşini, gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýýar. Bu çäreler daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary öwrenmäge, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.

Diýarymyzda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, Halkara sergiler býurosy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu düzümiň agzasy bolmak bilen, dürli ýurtlarda geçirilýän bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Halkara sergiler býurosy bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hem bu giň möçberli çärä işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşi maksat edinýän sergileri geçirmäge, bu ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzese alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow