Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 28.02.2025
98

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlarynda degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk haty gowşuryldy. Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly kabul eden Kararnamasyny Türkiýäniň goldandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy waka bolandygyna hem ünsi çekdi.

Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iki doganlyk ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, D.Gulmanowa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkara derejede giňden wagyz etmek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy üçin döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak we olara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmegi kämilleşdirmegiň, bu işi bellenen halkara standartlar esasynda guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda Kararyna laýyklykda, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatyny ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmek, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermek, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, telekeçilik ulgamyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Bu önümleriň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini, häzirki wagtda bu önümleriň içerki we daşarky bazarlarda giň orun alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň önümçilik enjamlaryny netijeli işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň başynda bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 7-8-nji aprelinde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy
28.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
27.02
Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
27.02
Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
27.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
26.02
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
26.02
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
top-arrow