Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäher ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.
Gahryman Arkadagymyz ir bilen täze şähere geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde oturdyljak oturgyçlaryň görnüşlerini synlap, olaryň oňaýlylyk babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de seýilgäh merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek desgalaryň, ekiljek baglaryň, suw çüwdürimleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, seýilgähiň çagalar üçin ýakymly ýatlamalary bagyşlajak keşbe eýe bolmalydygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny, aýratyn-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdyljak mermerleriň görnüşlerini synlady hem-de olaryň bezeg babatda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Ak han” şaýolundan “Taýçanak” aýlawly çatrygyna çenli aralykda ýol ýakalaryna ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Şunda bu künjekde ekiljek baglaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, ýol ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi bellenildi.
Täze şäheriň çäginde dörediljek medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda merkeziň daşky we içki bezeg işlerine, onuň çägindäki baglaryň görnüşlerine, merkeziň suw akabasynyň gurluşyna degişli işleriň döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde merkeziň çäginde türkmen milli oýunlaryny guramak üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmelidigi, ol ýerlerde aşyk, çilik, düzzüm, aýterek-günterek ýaly milli oýunlary guramak üçin zerur şertleriň döredilmelidigi nygtaldy. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden bu oýunlary ýaş nesilleriň aňyny, olaryň agzybirlik baradaky düşünjelerini ösdürmekde terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň uzak möhletleýinlik talaplaryna, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi, häzirki zaman talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy wajypdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, gurluşyk işlerine guramaçylykly girişmek boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Gurluşyga degişli hiç bir ugur ünsden düşürilmeli däldir. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly seneleri mynasyp garşylamak we olaryň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Häkim Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna baýramçylyk sowgady hökmünde pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda degişli resminama gol çekendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza täze şäheriň ähli gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bu şanly sene mynasybetli köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşuryljakdygyny aýtdy. G.Mämmedowa hasabatyň çäklerinde şäheriň ýaşaýjylaryndan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gelip gowşan köp sanly haýyşlary nazara alyp, “Polatly” binasyndan “Taýçanak” halkalaýyn aýlawly çatrygyna çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak baradaky teklibi beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäherde baýramçylyk dabaralarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydygyny belledi. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiz şäheriň “Polatly” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň hem-de “Taýçanak” binasynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, bu ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.
Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew müdirligiň işine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ilki bilen, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary görkezildi. Bellenilişi ýaly, demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna, dünýäniň ösen tejribelerine esaslanyp bina ediler. Şunda toplumyň ähli ulgamyny dolandyrmak, onuň işine gözegçilik etmek täzeçil tehnologiýalar esasynda amala aşyrylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň täze awtomobil menziliniň binalarynyň gurluşygy, onuň daşky we içki bezeg işleri häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyklykda alnyp barlar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň merkezi binasynyň özboluşly görnüşe eýe bolmagyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berler.
Hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde oturdyljak Gün panelleri barada aýdyldy. Gün panelleri Aziýanyň ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar. Bellenilişi ýaly, Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.
Hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşygynda, olaryň bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olarda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiz binalarda oturdyljak Gün panelleriniň derejesine, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine we ýokary kuwwatlylyga eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine, şunda ylmyň gazananlarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň esasy ugur edinilmelidigine ünsi çekdi. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagynda-da döwür bilen aýakdaş bolmak häzirki zamanyň derwaýys talabydyr.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Gahryman Arkadagymyzdan Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 4G+ internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwrebap 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda, bu tehnologiýany Arkadag şäherinde işe goýbermäge taýýarlyk görlendigi aýdyldy.
Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler geçirildi. Şunda 5G tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekediniň gelip gowşandygy habar berildi. 5G tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, ol ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýär. Bu innowasion tehnologiýada bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. Şeýle-de hasabatyň dowamynda täze şäheriň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns çekildi. Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, onuň ähli künjegini 5G tehnologiýasy gurşap alar. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly we dürs ýerine ýetirilmegini şertlendirer.
5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýakyn wagtda 5G tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny we degişli tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň 5G tehnologiýasynyň işini dolulygyna beýan edýän wideofilm görkezildi. Onda täze tehnologiýanyň aýratynlyklary, onuň gözegçilik, gorag we dolandyryş ulgamlarynyň işi, bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän pudaklaryň mümkinçilikleri degişli görnüşler arkaly beýan edildi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň düzümlerinde ornaşdyrylýan täze tehnologiýalaryň ähli ugurlar boýunça ähmiýetli bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleri häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede ýola goýmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň üstünlikli çözülmeginiň zerurdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.