Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
Hepdäniň wakalary
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
Çap edildi 16.02.2025
469

Geçen hepde döwlet ähmiýetli möhüm wakalara beslenip, ýurdumyzyň döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasaty öz beýanyny tapýar.

14-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi.

Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýdyp, Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygyny, şol sanda ösüş depgininiň senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň bolandygyny nygtamak gerek. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy.

Mejlisiň dowamynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli durmuşa geçirmegi, ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde ýanwar aýynda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary barada hasabat berildi. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar guraldy. Şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna bolan sapary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de ýurdumyzda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede guraljak çärelere ünsi çekip, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagy hem giň gerimde dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň şeýledigine 10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri boljakdygyny aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Arkadagymyz ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we Türkmenistanyň Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada beren teklibine ünsi çekdi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýetini nygtady. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna, kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.

Gahryman Arkadagymyz suw meselesine ünsi çekip, sebitiň bu meselesini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi. Bellenilişi ýaly, 17-18-nji fewralda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler we oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi. Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak mynasybetli geçirilen dabarany hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç haty kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi.

14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Şeýle-de adam hukuklary we ynsanperwer hukugy bilen bagly başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

15-nji fewralda Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş ulgamyna degişli görnüşleri, Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy olara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişlerini girizdi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk baýramyny giňden bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi hem-de 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

15-nji fewralda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler girizildi. “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň halkymyzyň döredijilikli zähmeti esasynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
19.02
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
19.02
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
top-arrow