Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Duşuşykda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýylyň Meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk dialog üçin şertleri döredýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny amala aşyrmakda, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna we beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmagy bilen, Watanymyz olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin saklamak ugrunda giň gerimli işleri geçirýär.
26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. 16-njy maýda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Mejlisde TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy Azerbaýjan Respublikasyndan Türkmenistanyň milli toparyna geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini baýram etmek bilen baglanyşykly giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Geçen ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy möhüm wakalaryň birine öwrüldi.
Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaga gönükdirilen işler olary bir durkunda saklamak, abatlamak, ylmy barlaglar, taslama we önümçilik işleri bilen baglanyşykly çäreleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan taýýarlanylan ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestriniň çap edilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen bir hatarda, 6-njy dekabrda paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň geçirilendigine üns çekildi. Şeýle hem çykyşlarda degişli halkara kadalara laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Mundan başga-da, «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde «Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!» atly monografiýa taýýarlanyldy.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmek hem mejlisde seredilen meseleleriň hatarynda boldy.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda bu guramanyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, şeýle hem beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.