Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty
Çap edildi 15.02.2025
2498

Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Kazyýet edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmeleriniň möhüm ugrudyr. Şunda öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegine, degişli hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

“Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Çykyşlarda bu resminamada göz öňünde tutulan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Milli kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini döwrebaplaşdyrmak işleri hem garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda degişli düzümleriň işini sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly halkara tejribä laýyklykda guramagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Maslahatda häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutup, kazyýet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem uly üns berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, giň düşünjeli, zerur hünär endiklerine eýe bolan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar. Şundan ugur alnyp, işgärler mümkinçiliklerini berkitmek ýurdumyzyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Çünki kazylaryň wezipe ygtyýarlyklarynyň netijeli ýerine ýetirilmegi köp babatda olaryň hünär derejesine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň gün tertibine işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu işe häzirki zaman usulyýetlerini ornaşdyrmak we ýörite okuwlary guramak meseleleri hem girizildi. Şeýle hem 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna girizilen wezipeler boýunça pikir alşyldy hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda kazyýet edaralarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasyna garaldy. Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda ýygnananlar netijeli işlemek üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren eşretiniň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen üstünlikleriň goragynda sak durmak bilen, Watanymyza hem-de halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow