Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, deputatlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe sapaklary geçirildi.
Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde duşuşyklaryň 3-si geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 8-sine gatnaşdylar. Deputatlar Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda degişli işleri geçirýärler.
Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işini dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 123,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 149,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 104,4 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 269,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 388,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýerleşýän howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi, pudak boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 106,7 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze ýollary gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,7 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9 göterime, taýýar tikin we örme önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki 142,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe baýramçylyklar mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat, aýdym-sazly medeni çäreler guraldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýerine ýetiren işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi, ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolandygy bellenildi.
Ýanwar aýynda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça işler yzygiderli ilerledilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu babatda-da degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 116,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 117,1 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşiş mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin oňaýly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işini hem giň gerimde dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.