Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
2024-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň äh­li ila­ty­na
Syýasat habarlary
2024-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň äh­li ila­ty­na
Çap edildi 07.02.2025
849

Hor­mat­ly adam­lar!

Si­zi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de et­ra­byň hä­kim­li­gi­niň 1 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Bu şat­lyk­ly wa­ka­nyň ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň hal­ka­ra de­re­je­de giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da si­zi tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dy­ryp, eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­san­jy­my­zy has-da pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Her bir gü­ni şan­ly geç­mi­şi­mi­ze, be­ýik döw­rü­mi­ze söý­gi­mi­zi, nu­ra­na gel­je­gi­mi­ze bo­lan yna­my­my­zy has-da ber­ki­den ta­ry­hy we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka­lar bi­len şöh­rat­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, ägirt uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­dyk. Ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan äh­mi­ýet­li iri des­ga­la­ry, döw­re­bap oba­la­ry ulan­ma­ga ber­dik. Aba­dan­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk, gül­läp ösüş­ler bi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­my­zyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Eziz wa­tan­daş­lar!

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan ýur­du­my­zyň has dep­gin­li ös­ýän et­rap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Et­ra­byň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, oba ho­ja­ly­gyn­da, gur­lu­şy­gyn­da, me­de­ni­ýet, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, et­rap­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­že­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri we bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry ula­ny­lyp, döw­re­bap mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, sport top­lum­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­dy we bu ugur­da­ky iş­le­riň dep­gi­ni hä­zir­ki wagt­da has-da güýç­len­di­ril­ýär. In­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­ly, tä­ze kuw­wat­ly se­na­gat, önüm­çi­lik des­ga­la­ry işe gi­ri­zil­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri bi­len bir­lik­de, bu et­rap­da-da tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Et­ra­byň zäh­met­keş­le­ri­niň bug­da­ýyň, pag­ta­nyň, gant şu­gun­dy­ry­nyň, mi­we, gök we bak­ja önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek, do­war­la­ryň, dü­ýe­le­riň baş sa­ny­ny art­dyr­mak ug­run­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Et­rap­da­ky pag­ta-egir­me fab­ri­gin­de, kuw­wat­ly­ly­gy 40 müň ton­na to­hum­lyk pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met gaý­nap joş­ýar.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen me­de­ni-ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, aja­ýyp te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri bi­len dün­ýä meş­hur bo­lan Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň bu se­bi­tin­de te­le­ke­çi­lik işi­niň ne­ti­je­li­li­gi bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek­de, ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýo­ka­ry gir­de­ji­ler, bar­ha art­ýan yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler amat­ly ma­ýa go­ýum şert­le­ri­ni dö­red­ýär.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ak pa­ta ber­me­gin­de hem-de gat­naş­ma­gyn­da 2022-nji ýyl­da ýa­şa­ýyş ja­ýy da­ba­ra­ly açy­lyp, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­na aý­ra­tyn mä­täç­lik çek­ýän ra­ýat­la­ra sow­gat be­ril­di. 2024-nji ýyl­da bol­sa et­ra­byň Şat­lyk şä­her­çe­sin­de döw­re­bap met­jit we sa­da­ka ja­ýy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mu­nuň özi Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Eziz wa­tan­daş­lar!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz eziz Wa­ta­ny­my­zy be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe alyp bar­mak­dan yba­rat­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň zäh­met­keş­le­ri hem äh­li ta­gal­la­la­ry­ny Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­me­li­dir­ler. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za bo­lan be­ýik söý­gi­ňiz, yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ňiz bi­len gel­jek­de hem si­ziň uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, tä­ze sep­git­le­re ab­raý bi­len ýet­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly adam­lar!

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň äh­li ila­ty­ny şu gün­ki şat­lyk­ly wa­ka bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­lyk, eg­sil­mez bagt, asu­da we aba­dan dur­muş, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Ser­dar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
20.04
Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
19.04
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.04
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
16.04
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
16.04
Ýaş nesliň saglygyny goramak we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — ileri tutulýan wezipe
top-arrow