Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli sirk sungatymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär
Jemgyýet
Milli sirk sungatymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär
Çap edildi 01.02.2025
34

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine ugradylar. Ýörişiň öňüni ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bolan atlylar çekdi.

Ýol ugrunda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar toparyň agzalaryny mübäreklediler. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşy aldylar hem-de gazanan uly üstünlikleri bilen gutladylar.

Dabaranyň hormatyna bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň işewürleri  gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy.

Ýurdumyzyň bu meşhur topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.  

Soňra dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygynda aýdan Gutlag sözleri ýetirildi.

Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünlikleri, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Dabaranyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul sowgady gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan topara 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy.

Toparyň agzalary halkara derejesinde geçirilýän şeýle iri ýaryşlara gatnaşyp, türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýüzüne ýaýmaga, döredijilikli işlemäge döredilýän şertler hem-de özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, özleri hakynda edilýän aladalaryň olary has-da netijeli zähmet çekmäge we ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygyny bellediler.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permany okaldy.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanma, sport egin-eşikler toplumy hem-de döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, şeýle hem ajaýyp türkmen halysy sowgat gowşuryldy.

Soňra sirkiň sahnasynda şu günki dabara mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, şeýle hem sirk tomaşasy görkezildi.

Soňky habarlar
01.02
Milli sirk sungatymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär
01.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.02
S.P.Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
01.02
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy
01.02
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna müň ýewrodan pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi
31.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
31.01
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna
31.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
30.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
30.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow