Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň kuwwatyny has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrýar.
20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny, gök-bakja önümleriniň ekiljek meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işlerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny goldap gelýändigini bellemek gerek.
Ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şazada Alber II-ni Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany älem giňişligine çykarmak boýunça bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini hem tassyklady.
Saparyň çäklerinde Milli Liderimiz Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi we muzeýiň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdy.
Muzeý bilen tanyşlygyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monakoda saparda bolan günlerinde at üstündäki oýunlar topary sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Hormatly Arkadagymyz Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öňden gelýän, ygtybarly işewür hyzmatdaşy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Daggandan ynanç haty kabul edildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty munuň üçin amatly şertleri döredýär. Kristofer Dagganyň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, şol sanda dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogyň ýola goýulmagyna çuňňur gyzyklanma bildirýär.
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.
Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz kanunylygy, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygy aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
22-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz suw meselelerinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine, onuň bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz ekologiýa meselesine geçmek bilen, dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň halkara gaznasyna netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny doly goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi.
23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.
24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Mejlis tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny, saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şeýle-de “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hakynda hasabat berildi. Onda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri kesgitlenendir. Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri dowam etdirmek, mundan beýläk-de döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň, maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler hem göz öňünde tutulýar.
Maksatnamanyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň hem-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işleri öz içine alýandygy bellenildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Mejlisde içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady we degişli tabşyryklary berdi. Meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek babatda geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.
“Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berildi. Maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtap, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy, bu işi kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, olary täze okuw kitaplary bilen yzygiderli üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi. Mejlisde şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň birnäçe halkara resminamalara, hususan-da, BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyna, 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullady.
Mejlisiň dowamynda aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklip hödürlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz teklibi makullap, poçta hyzmatlaryny halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.