Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny, saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle-de Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, Özbegistanyň we Ermenistanyň doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, olaryň dowamynda dostlukly ýurtlaryň arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan”, 2025-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, mundan beýläk-de döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň bellenilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar getirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň nebiti gaýtadan işlemek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, gowaça ekiljek ýerleri tekizlemek, geriş we çil çekmek, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda hem netijeli işler geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösümlikleriň seýrek duşýan we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri alnyp barylýar. Ýabany haýwanlary, göçüp geçýän, ýurdumyzda gyşlaýan guşlary gorap saklamak hem-de olaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny hasaba almak we köpeltmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýerleşýän biokärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de işi döwrebap guramak, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dokma senagatynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen taýýarlanylýan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri, şol sanda has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de kitaphanalara ýaýradylar. Maksatnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmagyň möhümdigini, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna hem aýratyn orun degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri babatda toplumlaýyn işler geçirilýär. Konsepsiýa üç tapgyrda amala aşyrylyp, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy döredildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen esasy dillerde we türkmen dilinde elektron sözlükler taýýarlanyldy, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, okuw kitaplary neşir edildi. Ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri boýunça bilimi bahalandyrýan halkara derejeli şahadatnamalary almak üçin ýörite taýýarlaýyş okuwlary ýola goýuldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion usulyýeti ulanmak arkaly 2024-nji ýylda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak boýunça monitoring geçirildi. Onuň netijeleri bilen bagly jemleýji halkara ylmy maslahat guraldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy hem-de bu işi kämilleşdirmegi dowam etdirmek, täze okuw kitaplary bilen yzygiderli üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Munuň özi saparyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji ýanwarda Monakonyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyna üns çekildi. Onuň çäklerinde birnäçe iri çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Şazada Alber II-ni Aşgabada çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak ugry gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Türkmenistan we Monako möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Monako halkara giňişlikde sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolandygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýä derejesine çykan atly sportuny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriniň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, hususan-da, Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Monako Knýazlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu döwlet bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy nygtaldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp, şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň esasy wezipesiniň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny, şoňa görä, onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Poçta hyzmatlaryny halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.