Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň sebit we ählumumy derejede abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän ykdysady strategiýasynyň hem-de açyklyga esaslanýan daşary syýasatynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji ýanwarda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi baradaky meseleler girizildi. Bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda işleriň depgini, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, içerki sarp edijileri ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýazky ekiş möwsümine häzirden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklaryň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul edendigi bellenildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredilipdi. Söhbetdeşligiň barşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna gönükdirilen syýasatyna, bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Milli Liderimiz şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu waka şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň 2025-nji ýylda BMG bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmagy göz öňüne tutýan meýilnamalary barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlary kesgitlenilýär. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.
Gahryman Arkadagymyz öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy hakynda aýdyldy. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Hazarýaka sebitiň howpsuzlygyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigine ynam bildirildi. BMG-niň Baş sekretary 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini nygtap, BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny belledi.
15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahat geçirildi. Onda ýylyň şygarynyň mazmunyna laýyklykda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Maslahatyň dowamynda BMG-niň ýurdumyzdaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, Türkmenistan bilen degişli ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns çekdiler.
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri maslahatlaşylyp, resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini we abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda görülýän anyk çäreler, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy barada aýdyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek bellenildi. Bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Aşgabadyň keşbiniň barha gözelleşýändigini, onda ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny nygtady we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekdi.
Şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada-da maglumat berildi. Bu çäreleriň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Mejlisde şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakynda hem hasabat berildi. Geljek aýda ýokary we hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar. Döwlet Baştutanymyz fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görülmegini we olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul edilýänleriň sanyny tassyklamak hakynda resminama gol çekdi.
Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşygynyň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň ähmiýeti bellenildi. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary bolup, onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.
“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermegiň, ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.