Baş sahypa
\
\
Maksat Annanepesow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Maksat Annanepesow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 20.01.2017
1183

Mary, M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dalaşgäriň ynanylan wekili M.Annanepesowyň terjimehalyny beýan edip, ony başarjaň we tejribeli hünärmen hökmünde häsiýetlendirdi. M.Annanepesow duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, saýlawçylara öz maksatnamasyny beýan edip, dünýäniň ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk geljekde hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer diýip belledi. Dalaşgär ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de iň täze tehnologiýalar we ýokary netijeli enjamlaryň ornaşdyrylmagy esasynda daşary bazarlara uglewodorod serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belledi.Dalaşgäriň belleýşi ýaly, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. M.Annanepesow saýlawçylaryň obany özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, welaýatlarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, ilatyň saglygyny goramak barada geçirilýän işler boýunça sowallaryna jogap berdi.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow