Baş sahypa
\
\
Türkmenabatda saýlawçylar dalaşgär Jumanazar Annaýew bilen duşuşdylar
Türkmenabatda saýlawçylar dalaşgär Jumanazar Annaýew bilen duşuşdylar
Çap edildi 20.01.2017
1194

Türkmenabatda Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyňýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçiler topary tarapyndan görkezilen dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy.Ol S.Seýdi adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Daşaşgäriň ynanylan adamy Sakarçäge etrabynyň “J.Annaýewiň terjimehaly bilen tanyşdyp, 12-nji fewralda geçiriljek Prezident saýlawlarynda bu dalaşgäre ses bermäge çagyrdy. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada aýtmak bilen, J.Annaýew pagta ekýän etraplaryň ilaty üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, kuwwaty öndürilýän “ak altynyň” mukdaryna laýyk gelýän pagta egriji fabrikleriň gurulmagy maksada laýyk bolar diýip belledi.Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berler. J.Annaýew ähli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow