Baş sahypa
\
\
Türkmenbaşyda Ramazan Durdyýew saýlawçylar bilen duşuşdy
Türkmenbaşyda Ramazan Durdyýew saýlawçylar bilen duşuşdy
Çap edildi 20.01.2017
1258

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. R. Durdyýewiň ynanylan wekili dalaşgäri ýokary hünärli hünärmen, uly abraýdan peýdalanýan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. R.Durdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny, türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine durmuşa geçirmäge ýardam berjek wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.Uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi, türkmen “mawy ýangyjyny” we elektrik energiýasyny daşary bazarlara çykarmagyň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylar. Mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary okuw mekdeplerini, hassahanalary, şypahana-sagaldyş merkezlerini hem-de beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak işleri dowam etdiriler. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ekerançylary netijeli zähmeti, ýokary hasyl almaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek möhüm wezipeler hökmünde görkezildi. R.Durdyýew özüniň maksatnamasy barada saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmek bilen baglanyşykly işler, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça öňde goýlan wezipeler barada aýtdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow