Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar
Hepdäniň wakalary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar
Çap edildi 30.12.2024
272

2024-nji ýylyň soňky hepdesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň düzümlerini kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerinde alnyp barylýan işlere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigini, gowaça ekişine bellenilen talaplara laýyklykda taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Şu gezekki sammit Sankt-Peterburg şäheriniň «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüniň Olimpiýa zalynda geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki döwür üçin wezipeler kesgitlenildi. Şunda ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Özara söwdanyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, sanly geçiş boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň, işewürligiň höweslendirilmegi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Ynsanperwer ulgam GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr.

Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz deputatlaryň we halkymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň hödürlän teklibini makullady hem-de geljek ýylyň nyşanyny tassyklady. Bu şygar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli saýlanyp alyndy.

Geljek ýylda Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden baýram eder. Bu waka mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredilip, onuň işine ýolbaşçylyk etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstüne ýüklenildi.

Döwlet Baştutanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Halkymyz abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden baýram edildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ähli pudaklaryň ýokary ösüş depgini, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda maliýeleşdirilmegi, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ýetilen sepgitleriň hatarynda görkezildi. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgä eýerýän syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär.

Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi. 2024-nji ýylyň soňky günleri ýene-de bir möhüm ähmiýetli waka beslendi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Täze eserde beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler giňden beýan edilýär.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Baş arçanyň ýanynda geçirilen dabara gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar — göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çagyryldy. Depesi «2025» ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen 44 metrlik ýaşyl arçanyň töwereginde jadyly şäherçede Täze ýyl gahrymanlary — Aýazbabanyň we Garpamygyň hem-de zehinli ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar hor toparlarynyň, türkmen we dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandy we ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi. Däbe öwrülen bu wakalar dabaranyň iň ýakymly pursatlaryna öwrüldi. Dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabaralary Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp şüweleň bilen dowam etdi. Täze ýyl ertekisiniň täsin wakalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalaryň şatlygyny Hökümet agzalary hem paýlaşdylar. Olar bu dabara hormatly Prezidentimiz bilen birlikde, öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar. Şeýle-de dabara daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçihanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary öz çagalary bilen gatnaşdylar. Teatr we sirk artistleri, aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri, tans we çagalar döredijilik toparlary, ýaş zehinler öz ukyp-başarnyklary bilen dabarany şadyýan aýdym-sazly, tansly çykyşlara beslediler.

Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjereniň aýdan goşgusy we roýal saz guralynda ýerine ýetiren sazlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurluşygy alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz nobatdaky ugurdaş toplumyň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň görnüşleri, desgalaryň taslamalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Düzümine anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümleri girjek, sebitde iň iri boljak ýöriteleşdirilen merkez onkologiýa kesellerini häzirki zaman usullarynda bejermäge gönükdirilendir.

Iş maslahatynyň dowamynda lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmegiň, olary welaýatlardaky onkologiýa merkezleri bilen bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy boýunça tabşyryklary berdi. Sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmak, esasy işi ylmy gözlegler bilen utgaşdyrmak, daşary ýurt dillerini, şol sanda iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmek, toplan bilimlerine we tejribelerine daýanmak bilen dürs çözgüt kabul edip bilmek başarnygy täze düzümiň işgärlerine bildirilýän talaplaryň hatarynda bolmalydyr.

Lukmançylyk kömegini ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary bilen däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hem göni aragatnaşykda bolar. Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi täze merkeziň işinde dörejek galyndylary gaýtadan işlemekde we lukmançylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Mundan başga-da, lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyz Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de birnäçe ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Alnyp barylýan giň gerimli işleriň ýokary hiline we olaryň Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalaryna hem-de ekologik talaplara laýyk gelmelidigine, täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň görnüşlerini, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns çekildi. Seljeriş-intellektual tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň gurulýan senagat toplumlarynda degişli bölüm dörediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guraljak Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çagyryldy. Bu dabaralar köp sanly maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdy.

Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyzy täze jaýlara göçüp barmaklary bilen tüýs ýürekden mübärekläp, berkarar döwletimiziň bagtyýar halkyna baýramçylyk gutlagyny beýan etdi.

Synymyzy dowam etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilendigini bellemek gerek. Söhbetdeşler birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Taraplar syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle çäräni geljek ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynda iki sany gurluşyk desgasy — Tejen etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, Ak bugdaý etrabynda bolsa kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desga ulanmaga berildi. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy.

Bu desgalarda dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri ýokary derejede alyp barmaga, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Tejen etrabyndaky suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan täze awtoulaglar sowgat berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene-de bir şanly ýylyny tamamlaýan dekabr aýynyň soňky hepdesiniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmegiň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär. Ähli türkmenistanlylar täze üstünlikleri getirjek 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
«Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
01.01
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
­­­Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow