Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmmyrat Atalyýewiň Daşoguz welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmmyrat Atalyýewiň Daşoguz welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy geçirildi
Çap edildi 20.01.2017
1110

Daşoguzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. N.Andalyp adyndaky Döwlet drama teatrynyň zalynda şäheriň jemgyýetçilik wekilleri, hormatly ýaşulular, dürli edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda B.Atalyýewiň şahsy we işewürlik aýratynlyklary, şeýle hem bank ulgamynda alyp barýan işleri häsiýetlendirildi. B.Atalyýewe özüni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna hoşallyk bildirip, ýygnananlary özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ýurdumyzyň telekeçiliginiň goldanylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary peýdalanmak, halkara gatnaşyklarynda “açyk gapylar” syýasaty sýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. B.Atalyýew welaýatlaryň senagat taýdan ösüşini işjeňleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, bu möhüm wezipeleriň çözülmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow