Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy
Medeniýet
Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy
Çap edildi 18.10.2024
878

Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamak ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen medeni diplomatiýa uly üns berilýär. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyzda jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär. Şunda teatr sungaty watançylyk, gözellik, ahlak terbiýesi ýaly wajyp hyzmaty ýerine ýetirmek bilen, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de goşant goşýar. Sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribeleri alyşmagy-da göz öňünde tutup, ol ýaş teatr artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Foruma gatnaşyjylaryň toý lybasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan Baş akademiki drama teatryna çenli dabaraly ýöräp gelmekleri çärä özboluşly bezeg berip, sahna sungatynyň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Olary çärä tomaşa etmäge gelen köp sanly tomaşaçylar mübäreklediler. Dabaraly ýörişiň dowamynda artistler öz teatrlarynyň döredijilik eserlerinden sahnalary görkezýän keşpleri janlandyrdylar.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlary we sirk ussatlary edebi-çeper çykyşlaryny görkezdiler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “O nämedir, al-ýaşyl öwüsýän?” atly opera aýdymyndan bölekleri ýerine ýetirdiler. Halk sungatyny dowam etdirýän häzirki nesiller milli aýdym-saz sungatynyň däplerini gorap saklap, olary täzeçil öwüşginde ösdürýärler. Dessançy toparyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny wasp edýän çykyşlary munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Teatryň girelgesiniň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly sahna çykyşy teatr sungatynyň adamlary birleşdiriji ornuny, onuň döwletleriň we halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmakdaky goşandyny açyp görkezdi. Artistler dürli dillerde baý milli medeni mirasymyzy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen aýrylmaz bagly bolan Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp etdiler. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp edebi-sazly çykyşda aýdyň beýanyny tapdy. Myhmanlar festiwaly guraýjylary — türkmen halkynyň geçmişindäki möhüm şahsyýetler bolan Oguz hanyň we onuň ogullarynyň, Gorkut atanyň keşplerini janlandyran artistleri mübäreklediler.

Dabara teatryň eýwanynda dowam etdi. Bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, Magtymguly Pyraga we milli medeniýetimize bagyşlanan kitaplaryň sergisi guralypdyr. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna hem giň orun berlipdir.

Ajaýyp teatr zalynyň sahnasyna Hökümet agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Biz Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly ýardam edýär. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda guralýan bäsleşiklere, festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Biz geljekde hem bu abraýly düzüm bilen medeni gatnaşyklary kämilleşdirmäge uly ähmiýet bereris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew şu günki dabaranyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, halklaryň arasynda döredijilik alyşmalary üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklere, jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşynyň ösüşine aýratyn üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, olaryň halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň, türki dilli ýurtlaryň we sebitleriň sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Dost-doganlyk mukamy» atly joşgunly edebi-sazly kompozisiýasynda taryhy wakalaryň üznüksizligi, ruhy däp-dessurlaryň dowamatlylygy, doganlyk ýurtlaryň dostlugy, döredijilik gatnaşyklary beýan edildi. Dabara festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleriniň agzalarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek spektakllaryň wideoşekilli tanyşdyrylyşy boldy. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Hoş geldiňiz, myhmanlar, salam, festiwal!» atly aýdymy dabaranyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşliklerde ilkinji täsirlerini paýlaşan myhmanlar wekilçilikli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň milletara döredijilik aragatnaşygynyň ösdürilmegi, medeniýetleriň we özboluşly däp-dessurlaryň özara baýlaşdyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýandygy baradaky umumy pikiri biragyzdan makulladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly spektakly görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy geçirildi.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň suratkeşleriniň ussatlyk sapagy geçirildi. Şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi-galereýasynda boldular. Mundan başga-da, türki döwletleriň Muzeýler birleşiginiň agzalary we TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylary “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördüler.

Agşam döredijilik çykyşlary Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda dowam etdi. Bu ýerde Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Guýy» atly spektakly görkezdi. Teatr sungatynyň festiwalynyň ilkinji gününiň wakalary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň «Kabyl we Habyl» atly sahna eseri bilen tamamlandy. Sahna eserleriniň akgynlylygy we baý mazmuny ajaýyp bezegler bilen şöhlelendirildi. Bu spektakllaryň uly üstünlige eýe bolmagy sungatyň halklary birleşdirýändigini ýene bir ýola tassyklady.

Ertir TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow