Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Jemgyýet
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Çap edildi 16.10.2024
645

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.

Iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet saýtlary, şol sanda Russiýanyň «ТАСС» we «PИA Новости», «Россия 24», Türkiýäniň «Anadolu Ajansi» habarlar agentlikleri, Hytaýyň «CGTN» halkara habarlar teleýaýlymy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary öz sahypalarynda şöhlelendirdiler. «Сentralasia.news» internet neşirinde ýerleşdirilen habarda forumyň işiniň akyldar şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek ýaly maksatlara gönükdirilendigi aýdylýar.

Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşandydygyny we ynsanperwerligiň, Watana söýginiň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormatyň tükeniksiz çeşmesidigini nygtap, beýik akyldaryň döredijiligini wagyz etmek boýunça medeni dialogyň döwletleriň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny, halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek hakynda ylalaşyldy diýlip, «ТАСС» agentliginiň habarynda bellenilýär. Şeýle hem köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda şahyryň türkmen edebiýatyndaky orny, şygyrlarynyň özboluşlylygy, dili, çeperçilik aýratynlyklary barada maglumatlar berilýär. «CGTN» teleýaýlymynyň habarlar saýtynda Magtymgulynyň öz eserlerinde adalatlylyk, dostluk, Watana söýgi we agzybirlik baradaky pikirleri beýan eden şahyrdygy aýdylýar. Şahyryň hormatyna Aşgabatda bina edilen, beýikligi 60 metr bolan ýadygärlik hem onuň edebi mirasynyň türkmen halky we dünýä medeniýeti üçin ähmiýetini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri foto we wideo reportažlary wakanyň geçýän ýerinde taýýarladylar. Söwda-senagat edarasynda köp sanly žurnalistleriň netijeli işlemegi üçin döwrebap kompýuterlerdir tehnikalar, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen giň metbugat zaly berildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen işleriň netijesinde, ähli isleg bildirenler üçin forumyň işi baradaky maglumatlary açyk görnüşde almaga mümkinçilik döredildi. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly gatnaşyjylaryň hemmesiniň çykyşlary birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi.

Dünýä metbugaty foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny sarpalamak bilen bir hatarda, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy, medeni dialogy esasy ugurlar hökmünde mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezendigini belledi. «МИР» döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur habar beriş serişdeleri — «МИР 24» teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly bu ýokary wekilçilikli forumyň işi, onda beýan edilen pikirler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdi. «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi Magtymguly Pyragynyň mirasynyň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr» diýlip, habarlaryň birinde nygtalýar. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň forumdaky çykyşyndan bölekler tutuş dünýäde millionlarça okyjysy bolan esasy habarlar agentlikleriniň sahypalarynda, meşhur internet saýtlarynda orun aldy.

Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtandyklaryny habar berdiler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wekilçilikli halkara forumyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini belläp, özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesiniň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini tassykladylar. Iri neşirler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşan döwlet Baştutanlaryny halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandygy barada hem ýazdylar.

Metbugat sahypalarynda bellenilişi ýaly, forumyň netijeleri boýunça beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen Jemleýji resminama kabul edildi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen halkara forumyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene bir aýdyň sahypany ýazandygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow