Baş sahypa
\
\
Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda saýlawçylar bilen duşuşyk geçirlidi
Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda saýlawçylar bilen duşuşyk geçirlidi
Çap edildi 16.01.2017
1172

Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýerleşýän N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda sebitiň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda döwlet baştutany wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşyk geçirlidi. Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda häzirki döwre çenli oňat guramaçylyk ukybyny görkezip we özüne ynnanylan işe jogapkärli çemeleşip, agronomlyk wezipesinden ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biriniň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine çenli zähmet ýoluny geçen M.Annanepesowyň şahsy, iş we hünär başarnyklaryna mynasyp häsiýetnama berip, onuň terjimehalyny beýan etdi. M.Annanepesow saýlawçylara özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölümleri barada gürrüň berip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, döwletimiziň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işleri dowam etmekçidigini belledi. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümlerini kämilleşdirmek, azyk önümleriniň möçberini artdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we maldarçylyk önümçiligini ýokarlandyrmak möhüm bolup durýar. Ol ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmegiň, şäheriň we obanyň ýaşaýjylary üçin birmeňzeş mümkinçilikleri döredip, mundan beýläk-hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri, Ýaşulular maslahatynda kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary, ýurdumyzyň öndürijileriniň içerki bazarlarda bäsdeşlige ugyplylygyny ýokarlandyrmak duşuşyga ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow