Baş sahypa
\
\
Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 16.01.2017
1170

Türkmenbaşyda Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet baştutany wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni- sport merkezinde boldy. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ynanylan wekil J.Annaýewi oňat guramaçylyk ukyplary bolan, ak ýürekli we sowatly hünärmen, dalaşgärlige mynasyp adam hökmünde häsiýetlendirdi. Özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, D.Annaýew eger-de özüniň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegine aýratyn üns beriljekdigini belläp geçdi. Oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw hem-de ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, telekeçiligi we ilatyň zerur önümlere bolan islegini öz önümçiligimiziň hasabyna kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge niýetlenen beýleki ulgamlaýyn çäreleri goldamak ýaly ugurlara aýratyn üns berler. Nebitgaz pudagynda täze geljegi uly känleri özleşdirmek üçin ep-esli maýa goýumlary zerur bolup durýar. Energiýa serişdelerini eksport etmek hem özüniň aýratyn ähmiýetini saklar. Derwaýys meseleleriň hatarynda dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ulag we aragatnaşygy, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bar. Duşuşygyň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olar Balkan welaýatyny, nebit-himiýa senagatyny we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň anyk meýilnamalary bilen gyzyklandylar.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow