Baş sahypa
\
\
Dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 16.01.2017
1253

Ahal welaýatynda bolan saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew bilen bolan duşuşygy saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäräni dowam etdi. Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen duşuşyga sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. B.Atalyýewiň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşýanlary Senagatçylar we telekesiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehalynyň esasy pursatlary bilen tanyşdyryp, ony guramaçylyk ukyplaryny we hünär ussatlygyny görkezen, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra dalaşgär B. Atalyýew saýlawçylaryň ünsüni özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyna çekdi. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny häzirki we geljekki nesilleriň bähbidi üçin netijeli peýdalanmaga niýetlenen köpugurly durmuş-ykdysady maksatnamalary dowam etmäge meýlini äşgär edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýurduň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň dürli ugurlaryny açyp görkezdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ösen ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň eksporta gönükdirilen pudaklarynyň kuwwatyny giňeltmek, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak we beýlekiler bilen baglanyşykly ugurlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Sowallara jogap berip, B.Atalyýew “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllarda daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyna” laýyklykda, biziň ýurdumyz dünýäniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, ykdysady, halkara-hukuk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barar diýip belledi. Şeýle hem gyzykly söhbetdeşlikde ilaty bilim we saglygy goraýyş, medeniýet we sport, durmuş taýdan goldamak, obada ýaşaýyş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler toplumy barada hem gürrüň edildi.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow