Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
Jemgyýet
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
Çap edildi 09.10.2024
233

Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Täze desgalaryň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşly keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy hem-de ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen, türkmenistanlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. Bularyň ählisi kesellemegiň derejesiniň peselmegi, netijede, ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagy ýaly kesgitleýji görkezijilerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini, dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýan saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna eýerilip, bu möhüm durmuş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň möhüm Kararlaryň birnäçesine gol çekmegi munuň nobatdaky güwäsi boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlar bar. Resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi esaslandyryldy. Bularyň ählisi Türkmenistany ykdysadyýetiniň ösüşi we ilatynyň abadançylygynyň ýokary görkezijileri babatda dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hataryna çykarmagy maksat edinýän durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň ýanyna gelýär.

Paýtagtymyzda geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýanlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar, saglygy goraýyş işgärleri bar. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekleýärler. Aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolunýandygyny aýtdy. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy geçirilýär. Milli Liderimiz şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem işe giriziljekdigini aýdyp, ýygnananlaryň ählisini we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, täze derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär.

Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam etdireris. Bularyň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmegiň, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe resminamalara gol çekmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ine, şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş edaralary hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu ýerde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze merkeziň bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.

Gahryman Arkadagymyz beýleki bir desganyň — Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ýerde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigine ünsi çekdi. Täze lukmançylyk merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Merkeziň bölümlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işler geçiriler, okuwlar, ylmy barlaglar alnyp barlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ak mermerli paýtagtymyzyň görküne görk goşýan bu täze merkezleriň ikisiniň hem gurluşygyny «Gap Inşaat» türk kompaniýasynyň ýerine ýetirendigini belläp, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk bina edilen lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere minnetdarlyk bildirdi. Şeýle döwrebap merkezleriň, şeýle hem häzirki zaman derman kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar. Bu bolsa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini, raýatlaryň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet beriljekdigini belläp, bu ýere ýygnananlary we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşlyk başlanýar.

Bu merkez şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Mälim bolşy ýaly, saglygy dikeltmek lukmançylygyň iň zerur ugurlarynyň biri bolup, näsaglary işjeň we özbaşdak durmuşa gaýdyp getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi adam bedeniniň hereketini ýokary netijeli ýagdaýda dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň düzümine çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowragy, ýagny maslahat beriş we anyklaýyş; kinezoterapiýa we gidroterapiýa; fizioterapiýa; sagaldyş-dikeldiş; newrologiýa; ortopediýa ýaly bölümler girýär. Şeýle hem bu ýerde abilitasiýa; pediatriýa; kardiologiýa; iç keselleri; somnologiýa we sport reabilitasiýasy; kardioreabilitasiýa; iç keselleriniň reabilitasiýasy; giperbariki oksigenirleme; newrologiýa reabilitasiýasy; ortopediki reabilitasiýa bölümleri işleýär. Bölümleriň hersiniň işi her bir näsaga aýratyn çemeleşmäge gönükdirilendir. Munuň özi saglygy dikeltmekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Merkeziň maslahat beriş we anyklaýyş bölümi häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny hasaba almak bilen, ýokary hilli maslahat beriş hyzmatlaryny bermek ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu bölümde näsaglary hasaba almak we olaryň elektron gözegçiligini geçirmek üçin niýetlenen lukmançylyk maglumatlar ulgamy ornaşdyrylan. Ähli geçirilýän elektron lukmançylyk resminamalary ýokary hilli hyzmatlary we maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün edip, kliniki ugurlaryň hemmesini öz içine alýar. Mundan başga-da, bölümde dürli anyklaýyş, şol sanda rentgen we ultrases barlag otagy, elektromiýografiýa, elektroensefalografiýa, densitometriýa otaglary bar. Bu ýerde ornaşdyrylan dünýäniň iň iri önüm öndüriji kompaniýalarynyň ýokary derejeli enjamlary anyklaýşyň takyklygyny we näsaglaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmegiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, binanyň birinji gatynda ýerleşýän kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminiň wirtual reabilitasiýa otagyna baryp, ol ýerde gurnalan tehnologik enjamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşýar. Kinezo we gidroterapiýa şikeslerinden hem-de operasiýalardan soň näsaglary keselden dikeltmegiň, sagaltmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Bölümde her bir näsag üçin ýörite maşklar toplumynyň işlenip taýýarlanylmagy saglygy dikeldiş bejergileriniň wezipelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Bölümiň lukmany häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlarynyň esasynda bina edilen täze merkezi gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi ilatyň saglygyny goramaga we dikeltmäge mynasyp hyzmat etmek bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirer. Hünärmen Niderlandlar Patyşalygynyň «Motek Medical» kompaniýasynyň önümi bolan “Caren” atly döwrebap dikeldiş toplumynyň ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Wirtual hakykat ulgamly enjamda uly ekran, ýokary durulykdaky kameralar, alty ugur boýunça hereket edýän ylgaw ýodasy oturdylypdyr. Bular näsagyň hereketiniň biomehanikasyny çuňňur derňemäge mümkinçilik berýär. Innowasion tehnologiýa newrologiýada, kardiologiýada, ortopediýada, sport lukmançylygynda we dikeldişde giňden ulanylýar.

Çykyşynyň ahyrynda hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu bölümiň lokomotor terapiýa otagyna bardy hem-de bu ýerde gurnalan lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen tanyşdy. Lukman bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ABŞ-nyň «Aretech ZeroG Gait and Balance Training System» atly ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu enjam bedeni götermäge ýardam edýän robotlaşdyrylan ulgamy özünde jemleýär. Bu ulgam ýykylmak töwekgelçiligi bolmazdan maşklary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Onuň dinamiki goldawy bolsa gowşaklygyň we deňagramsyzlygyň öwezini dolup, sagaldyşyň irki tapgyrlarynda netijeli dikeldiş işlerini geçirmäge şert döredýär. Ulgam dürli keselli, şol sanda insult, kelle-beýni şikesi, oňurga ýiliginiň şikesi, serebral ysmazy, ýaýran skleroz we ortopediki şikesleri bolan näsaglar üçin niýetlenendir. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň «Boost Microgravity Treadmills» atly antigrawitasiýaly ylgaw ýodasy lokomotor bejergisi üçin netijeli türgenleşik bolup, ol şikeslerden, operasiýalardan we endoprotezirlemeden soň dikeldiş işlerini tiz geçirmäge ýardam edýär.

Milli Liderimiz näsaglarda howpsuz we işjeň lokomotor bejergileri geçirmäge mümkinçilik berýän GFR-iň «Reha Stim Meditec» kompaniýasynyň önümi bolan «Ortho Pro» robotlaşdyrylan ýöreýiş türgenleşik enjamy bilen hem tanyşdyryldy.

Sinhron ýa-da asinhron pyýada «ýodajygy» bolan Germaniýanyň «Woodway Split-Belt» enjamy nerw keselleriniň dikeldişinde ulanylýan lokomotor bejergisi üçin netijelidir. Iki sany ýöreýiş ýodasy türgenleşik enjamyny simmetrik däl häsiýetdäki ýöreýişli adamlar üçin amatly ýagdaýy döredýär. Patentlenen «Split-Belt» enjamynyň ylgaw ýodasy ýörelende döreýän urgularyň derejesini peseldip, daýanç-hereket ediş agzalaryna zeper ýetirilmeginiň öňüni alýar. “Triple Sense” türgenleşik enjamy näsaglaryň ýöremek ukyplaryny dikeltmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem ony «ZeroG» enjamy bilen bilelikde ulanyp bolýar.

Merkezde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynyň daýanç-hereket synalarynyň, insultdan soň ýüregiň işleýşini dikeltmekde, kelle-beýni, oňurga ýiliginiň şikeslerinde, çaga serebral ysmazynda, ýaýran skleroz ýaly kesellerde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtan lukman ilatyň saglygyny dikeltmek babatda döredilýän uly mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň abilitasiýa bölüminiň 3D dinamiki lokomotor terapiýa otagyna barýar we bu ýerde gurnalan lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen tanyşýar. Bu bölüm ösüş taýdan yzagalak kiçi ýaşly çagalara we olaryň maşgalalaryna ýörite psihologik kömegi berýär. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli ýaş näsaglaryň jemgyýete işjeň goşulyşmagyna ýardam berýän, gündelik durmuşda zerur bolan ukyplary artdyrmaga, ene-atalaryň terbiýeçilik meselelerinde habarlylygyny ýokarlandyrmaga, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny giňeltmäge degişli işler alnyp barlar.

Hünärmen Gahryman Arkadagymyza GFR-iň «Reha-Stim Meditec» kompaniýasynyň bedeniň agramyny goldamak üçin niýetlenen innowasion hereketli köpugurly ulgamy barada gürrüň berdi. Nerw-muskul koordinasiýasyny gowulandyrmaga hyzmat edýän wirtual reabilitasiýa ulgamy howpsuz şertlerde üç ölçegli erkin hereketlenmäge mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, ol oňurga, kelle-beýni şikeslerinden, doly däl paraplegiýadan soň daýanç-hereket synalarynda kemçilik ýüze çykan çagalary dikeltmekde iň täzeçil enjamlaryň biri bolup durýar.

Beýik Britaniýanyň “Rompa” kompaniýasynyň ýumşak modully mebeli çagalar üçin rahat we howpsuz gurşawy döredýän amatly çözgütdir. Otag çagalar üçin ýörite oturgyçlar, dürli görnüşli paneller, ýumşak oýun meýdançalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Açyk reňklerdäki, dürli şekildäki mebeller diňe bir çagalaryň göwnüni açmak bilen çäklenmän, eýsem, olarda motorikanyň, koordinasiýanyň we özara täsiriň ösdürilmegine-de ýardam edýär. Modul böleklerini ýeňillik bilen birleşdirip bolýar, bu hem giňişligi çagalaryň zerurlyklaryna laýyk getirmäge, rahat ýagdaýda töweregindäki gurşawy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Dikeldiş işleri takdil duýujylygyny, deňagramlylygy, koordinirlemegi, akyl işjeňligini, daşky gurşaw bilen gatnaşyklary ösdürmek arkaly çagalara gündelik başarnyklary özleşdirmäge şert döredýär.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilen ajaýyp şertler üçin hoşallyk bildirip, lukman täze merkeziň ähli işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ortopediýa reabilitasiýa bölüminiň ulular üçin reabilitasiýa zalynda oturdylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Lukman bu ýerde Italiýanyň «Movendo Technology» kompaniýasynyň bedeniň aşaky bölekleriniň we göwräniň muskullarynyň senso-motor bahalandyrmasy we dikeldilmegi üçin niýetlenen «Hunova» atly robotlaşdyrylan reabilitasiýa ulgamy barada giňişleýin gürrüň berdi. «Hunova» ulgamy ortopediýa, sport lukmançylygynda passiw mobilizasiýa arkaly myşsalary berkitmek, postural gözegçilik etmek, deňagramlylygy türgenleşdirýän maşklary geçirmek, injik-daban, dyz, but we oňurga bogunlaryny dikeltmek üçin niýetlenendir.

Soňra ABŞ-nyň «Spincare Technologies» kompaniýasynyň «Extentrac Elite» atly arkadaky agyrylary bejermek üçin niýetlenen üç ölçegli inwaziw däl çözgüdi tanyşdyrylýar. Böwrekdäki agyrylary peseltmäge niýetlenen bu enjam haýalladylan wibrasiýa hereketleri arkaly gan aýlanyşygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi böwrek keselleri bilen bagly agyrylaryň azalmagyna getirýär. Umuman, ortopediýa reabilitasiýasy şikeslerden we hirurgiýa operasiýalaryndan soň näsaglaryň beden agzalaryny doly derejede dikeltmäge gönükdirilen bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň toplumyny özünde jemleýär. Onuň esasy wezipesi myşsa kuwwatyny dikeltmek hem-de gaýtalanýan keselleri, kynçylyklaryň döreýşini ýüze çykarmak bilen baglydyr. Reabilitasiýanyň ulular, şeýle-de çagalar üçin işlenip düzülmegi ýaşyny we ýörite zerurlyklary hasaba almak bilen, her bir näsaga aýratynlykda çemeleşmäge mümkinçilik berýär.

ABŞ-nyň «Medical Solutions» kompaniýasynyň «Humac Norm» biomehaniki anyklaýyş-bejeriş ulgamy daýanç-hereket ulgamynyň işjeňligini anyklamaga we baha bermäge, dikeldiş maşklaryny, türgenleşikleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Enjamyň esasy bölegi näsagy dürli ýagdaýlarda howpsuz ýerleşdirmek üçin ýokary mümkinçilikleri döredýän hereketli we doly sazlanylýan köpugurly oturgyç bilen enjamlaşdyrylandyr. Italiýanyň önümi bolan «Allcare Imoove 600 Medical Device» atly innowasion kinezoterapewtiki trenažýory dikeldiş işlerini üstünlikli geçirmäge şert döredýär. Ol bedeniň koordinasiýasyna, oňurga hereketine jogapkär myşsa toparlaryny netijeli türgenleşdirýän biomehaniki hereketlenýän platformany özünde jemleýär.

Lukman ýokary halkara ölçeglere laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap saglygy goraýyş edarasyny gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Daşary ýurtly hünärmenler mejlisler zalynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktoryna dabaraly ýagdaýda halkara güwänamalary, hususan-da, «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasyny gowşurdylar. Degişli güwänamalar we nyşanlar täze merkeziň ýokary derejesiniň, onuň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyza saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra Milli Liderimiz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze lukmançylyk edarasyna sowgat hökmünde merkeziň direktoryna ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, daşary ýurtly myhmanlar bilen bilelikde awtobusda indiki möhüm desganyň — paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugraýar.

Ýol ugrunda bolan söhbetdeşligiň dowamynda dabara çagyrylan daşary ýurtly hünärmenler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan, halkyň bagtyýar durmuşyny esasy ugur edinýän syýasatyna, innowasion ösüşiň, abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine gelip, bu ýere ýygnanan köp sanly dabara gatnaşyjylary we myhmanlary mähirli mübärekläp, merkeziň girelgesine gelýär hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Açylyş dabarasyna döredijilik, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Häzirki wagtda sebitde ýeke-täk bolan 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ulanmaga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň içine girýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ylmy-barlaghana işlerini netijeli guramak, köp duş gelýän keselleri halkara ölçeglere laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap bejermek maksady bilen döredildi. Täze merkez dolandyryş bölüminden, ylmy-barlag merkezinden, ylmy-kliniki bölümlerden, kömekçi bölümlerden, hojalyk-tehniki we hyzmat ediş gullugyndan ybaratdyr. Merkezde alnyp barylýan ylmy-kliniki işleriň gözegçiligini hem-de derňewini geçirmek üçin maglumat binýady, ýörite iş programmasy bilen üpjün edilen elektron resminama dolanyşyk ulgamy döredilendir. Ylmy-kliniki bölümleriň, barlaghanalaryň, anyklaýyş bölümleriniň amatly ýerleşmegi öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda we guramaçylykly ýerine ýetirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyz binanyň birinji gatynda ýerleşýän şöhle bilen anyklaýyş bölüminiň magnit-rezonans tomografiýa otagyna barýar. Lukman türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu desga ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglygy goraýyş işgärleri, tutuş türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Arkadagymyza bu ýerde oturdylan, Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips» kompaniýasynyň «Ingenia Elition» magnit-rezonans tomografiýasy görkezildi. Ol anyklaýşyň hili we magnit-rezonans barlagynyň tizligi boýunça öňdebaryjy enjamdyr. Enjam diňe bir bedeniň iň ownuk dokumalarynyň ýokary hilli şekillerini almaga mümkinçilik bermän, eýsem, barlag wagtynyň dowamlylygyny hem iki esse çaltlaşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, has köp näsaglary barlagdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ornaşdyrylan magnit-rezonans tomografiýasy enjamlaryndan tapawutlylykda, bu enjama emeli aň ulgamy birikdirilendir. «Smart Exam» ulgamynyň kömegi bilen barlagyň awtomatik meýilleşdirilişi üpjün edilýär, «Scan Wise Implant» ýörite programmasy arkaly bolsa magnit-rezonans tomografiýa barlagyna gabat gelýän implantlary bar bolan näsaglarda barlag geçirmek mümkindir. Şeýlelikde, ýokary tehnologiýa has takyk anatomiki we funksional şekilleri almakda möhüm artykmaçlyklara eýedir.

Lukman merkeziň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň ösen enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň şol gatynda ýerleşýän kabul ediş bölüminiň gaýragoýulmasyz kömek berýän otagyna barýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli üstünlikleri we gazananlary Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bölümiň lukmany Milli Liderimizi mähirli garşylap, täze merkeziň ýurdumyzda halkara standartlara laýyk gelýän, innowasion lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirendigini buýsanç bilen nygtady. «SHOCK-room» otagy agyr ýagdaýdaky näsaglara gyssagly gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Gahryman Arkadagymyza ABŞ-nyň «Stryker» kompaniýasynyň «Lucas-3» enjamy görkezildi. Ol awtomatlaşdyrylan ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Ulgam işe girizilen pursadyndan durnukly gan aýlanyşygyny üpjün edip, hassanyň sagalmak mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýar. Enjam kompýuter programmasy arkaly merkeziň gözegçilik bekedine birikdirilendir. Ol ýerden gan basyşyna, ýürek urşunyň tizligine, dem alyş ýygylygyna we beýleki ýaşaýyş üçin möhüm görkezijilere gözegçilik etmek mümkindir. Şeýle hem bölümde «Servo C» emeli dem beriş enjamlary, «Meduvent» standart göçme emeli dem beriş enjamlary, «Vio 3» elektroagulýatorlary, «IntelliVue MX 750» kardiomonitorlary, «Zenition 70» göçme rentgen enjamy, «Affinity 70G» ultrases enjamy, EKG enjamy, «Defigard» defibrilýatorlary bar. Bu enjamlar ýokary hilli ilkinji kömegi wagtynda bermäge mümkinçilik döredýär.

«Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi we yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek üçin ähli şertler döredilen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ulanmaga berlendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň operasiýa bölümine barýar. Türkmen halkynyň Milli Liderini garşy alan bölümiň lukmany durmuş ugurly syýasatyň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Raýatlaryň saglygyny goramak şol syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Merkeziň operasiýa bölümi 6 sany operasiýa otagyndan ybarat bolup, bu ýerde çylşyrymly operasiýalary we az şikesli endoskopik-operatiw bejergileri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýaponiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «Olympus» kompaniýasynyň «Visera Elite III» laparoskopik-operasion ulgamy dürli çylşyrymlylykdaky az şikesli endoskopik-abdominal we torakal-operatiw bejergileri geçirmäge mümkinçilik berýär. «Olympus 3D» ulgamynyň kameralary aşa ýokary durulygy bilen tapawutlanyp, bu enjam içki agzalaryň doly göwrümli şekilini gazanmaga ýardam edýär. Netijede, operasiýalar has çalt we takyk ýerine ýetirilýär. Lukmanyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda ilkinji gezek bu merkeze «Olympus Medical» kompaniýasynyň aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän iň kämil «EVIS X1 CV-1500» wideoendoskopiýa ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde «Micro-Tech» nemes kompaniýasynyň «Eyemax» enjamy ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylyp, ol öt ýollaryndaky dürli keselleri anyklamak, uly daşlarda litotripsiýa geçirmek üçin niýetlenendir.

Soňra Gahryman Arkadagymyza ABŞ-nyň «Medtronic» kompaniýasynyň «Barx» enjamy görkezildi. Bu enjam aşgazan-içege ýollaryndaky howpsuz täze döremeleri şikessiz bejermäge mümkinçilik berýär. «Erbe Vio 3» hirurgik elektroagulýatory töweregiň dokumalarynyň parallel basyşy bilen hirurgiki kesişleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa az mukdarda gan ýitgisini üpjün edýär. Enjam hirurgiki çärelerde giňden ulanylýar, näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam berýär.

Lukman täze merkeziň hünärmenleriniň döwletimiz tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladalara jogap edip, halkymyzyň saglygyny goramakda ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň şol gatynda ýerleşýän angiografiýa otagyna baryp gördi. Lukman «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde gurnalan döwrebap enjamlar bilen tanyşdyrdy.

Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips» kompaniýasynyň «Azurion 7 B20/12 LN» angiograf ulgamy lukmançylygyň, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny özünde jemlemek bilen, çylşyrymly interwensiýa amallarynyň çalt we ygtybarly ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Angiografyň dupleks gurluşy bir wagtyň özünde iki proýeksiýada şekilleri almaga mümkinçilik berýär. Ol hassalardyr lukmanlara düşýän rentgen şöhleleriniň mukdaryny azaltmaga kömek edýär. Ol ýüregiň, beýniniň, ýokarky we aşaky synalaryň, içki beden agzalarynyň damarlarynyň, koronar damarlaryň patologiýasy boýunça operasiýalary ýerine ýetirmek, ýüregiň dogabitdi we gazanylan kemisliklerinde endowaskulýar hirurgiki operasiýalarydyr amallary geçirmekde, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda iň häzirki zaman enjamydyr. Şeýle hem merkezde ýurdumyzda ilkinji gezek şol öndürijiniň «IntraSight 5» damariçi ultrases barlag enjamy ýerleşdirildi. Bu enjamyň kömegi bilen damarlaryň angiografiýa barlagynda stenozyň derejelerini anyklamakda takyk maglumatlar alynýar. Şeýlelikde, enjam keselleri anyklamakda ylmy barlaglary geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Lukman saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp sowgat üçin ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri klimat kontrol kamera otagyna tarap ugrady. Ylmy işgär sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap merkeziň açylandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde gurnalan, ýokary halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

Klimat kamera ylmy-barlag işlerinde giňden ulanylýan, daşky gurşawyň täsirini takyk modelirlemäge mümkinçilik berýän enjamdyr. «H/P Cosmos» nemes kompaniýasynyň bu enjamynyň düzümine awtomatik tizligi sazlaýan gurluşy bolan ylgaw ýodajygy we howanyň çyglylygyna, gyzgynlygyna gözegçilik edýän ýokary derejeli anyk ölçenýän guraly girýär. Dürli howa şertlerine, ýagny temperaturanyň gije-gündizki üýtgemelerini, çyglylygy, basyşy hasaba almak üçin klimat kameralarynyň dürli görnüşleri bar. Ýörite enjamlar arkaly adam bedenindäki üýtgeşmeler barlagdan öň we soň kesgitlenilýär, ýagny arterial gan basyşy, ýüregiň uruş tizligi, ganyň kislorod bilen doýgunlygy, bedeniň gyzgynlygy anyklanylýar. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramak we howanyň üýtgemeginiň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin halkara derejede ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň hünärmeni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza berlen ajaýyp sowgat üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Tanyşlyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz binanyň birinji gatyndaky mejlisler zalyna barýar. Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar ýygnanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mübärekläp, täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň açylyş dabaralarynyň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy waka bolandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz bu şanly senä köp çäreleriň, şol sanda 11-nji oktýabrda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumyň bagyşlanandygyny aýtdy. Dünýä belli türkmen nusgawy şahyrynyň dostluga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyryşlary bu günki günde işjeň durmuşa geçirilýär. Halkara jemgyýetçilik tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem munuň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda dünýäde ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtap, sebitde ýeke-täk Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň şu günki açylyş dabaralarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ilatyň kesellemeginiň öňüni almagy maksat edinýän esasy wezipelere laýyk gelýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028 -nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakynda gol çeken Kararlary munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähi künjeklerinde gurulýan we dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri we hassahanalary hem ilatyň saglygyny goramaga hyzmat eder.

Ýygnananlary şu günki açylyş dabaralary bilen ýene-de bir gezek gutlap, Gahryman Arkadagymyz öz adyndan we hormatly Prezidentimiziň adyndan daşary ýurtly myhmanlara şu günki dabaralara gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmeleri beýleki baýramçylyk çärelerine, hususan-da, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä, Arkadag şäherinde geçiriljek Wena balyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda daşary ýurtly bilermenler Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktoryna halkara güwänamalary — «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde ýokary hil we kämilligi üçin iki sany güwänamasyny gowşurdylar. Şeýle ýokary baha döwletimiziň esasy baýlygy hökmünde ykrar edilen halkyň saglygyny berkitmek üçin Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Liderine saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň direktoryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi.

Buýan köküni gaýtadan işlemegiň hasabyna ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply kärhananyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda badalga berlipdi. Mälim bolşy ýaly, buýan kökündäki glisirrizin turşusy wiruslara garşy netijeli serişde hökmünde gadymdan bäri lukmançylykda giňden ulanylýar. Bu ösümligiň bejerijilik häsiýetleri barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem belläp geçýär.

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze kärhana Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümine girýär. Bu toplum buýan kökünden önüm öndürmäge ýöriteleşendir.

Açylyş dabarasy mynasybetli täze kärhana hormatly Prezidentimiziň adyndan ulag serişdeleri sowgat berildi.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň gurluşygyny «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirdi.

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynyň ilatyň arassaçylyk-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk ýurtdur. Bu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işler raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak, durmuş üçin howpsuz şertleri döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň barlaghanalary halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky gulluklaryň täze binalaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu edaralaryň işi ilatyň saglygyny daşky gurşawyň zyýanly fiziki, himiki we biologik täsirlerinden, şol sanda dürli ýokançlardan goramaga hem-de ýokary netijeli öňüni alyş çärelerini geçirmäge gönükdirilendir.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň dünýä belli kompaniýalarynyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edildi.

Bu binanyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Mercedes-Benz» kysymly göçme barlaghana awtoulagy we «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulag sowgat berildi.

Lebap we Mary welaýatlarynda täze saglygy goraýyş hem-de derman senagaty desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara welaýatlaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular we talyplar gatnaşdylar. Dabaralara gatnaşyjylar çykyşlarynda halkyň bagtyýar durmuşy baradaky edýän aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şu günki giň gerimli çäreler halkyň saglygynyň diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şu günki we geljek nesilleriň hem bagtyýar geljeginiň binýady bolan durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
10.10
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
09.10
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
09.10
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
09.10
Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
09.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy
top-arrow