Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2024
2666

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi.

Ç.Leýko wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şatlykly pursatlara baý bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Şeýle hem myhman türkmen toýlarynyň gerimine, halkyň agzybirlikde dabaralandyrýan pursatlaryna haýran galandygyny belledi. Bu dabaralar ýurduň sazlaşykly ösüş ýoly bilen gadam urýandygynyň, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň, ähli nurana arzuwlaryň hasyl bolýandygynyň güwäsidir.

Myhman öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändigini buýsanç bilen nygtap, Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri babatda degişli kanunçylyk binýadynyň, giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzda bu pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistan dünýäniň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy. Türkmenistanda kompaniýanyň oba hojalyk tehnikalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň mysalydyr. Mundan başga-da, oba hojalyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan taslamalara ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalaryň, ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

“John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy özlerine bildirilýän ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow