Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2024
1972

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýdyp, toý şatlygyny paýlaşmaga ýurdumyza gelendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz, öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna berk binýat bolup hyzmat edýär. Duşuşygyň dowamynda geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda işjeň ösdürilendigi we kämilleşdirilendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz sport hereketini ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, beýleki degişli desgalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, sebitiň iň döwrebap sport desgalar toplumy bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol ýaryşyň meýilnamasyna taryhda ilkinji gezek atly sport görnüşi bolan konkuryň, türkmen milli göreşiniň hem girizilendigini belledi. Munuň özi türkmen milli göreşini halkara derejä çykarmakda we ony dünýä ýaýmakda möhüm tapgyr boldy. Söhbetdeşler Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk oýunlaryny dikeltmekde we gorap saklamakda uly işleri alyp barýandygyny bellediler. Türkmenistanda hereket edýän Milli sport oýunlarynyň merkezi hem şu konfederasiýanyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda sport diplomatiýasyny ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow