Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik taglymlaryny we täze sebitleýin taslamalary öňe sürýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik taglymlaryny we täze sebitleýin taslamalary öňe sürýär
Çap edildi 15.09.2024
784

Geçen hepde döwlet we halkara derejeli möhüm wakalara baý boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bu işleriň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, kabul ediş harmanhanalarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň pagta ýygymy möwsümine taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň daýhanlaryň irginsiz zähmet siňdirip ýetişdiren hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň barşyny hem berk gözegçilikde saklamagy, maksatnama boýunça gurulmaly desgalaryň tabşyrylmaly wagtyna we hiline üns bermegi tabşyrdy. Sentýabr aýynda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatdaky meselelere-de seredildi.

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergiler, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň çäklerinde guralan giň möçberli sergide sanly ulgam arkaly köpdürli maglumatlar, önümler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň we Türkmenistan bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän, ýurdumyzda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň eksport mümkinçilikleri giňden şöhlelendirildi.

Döwlet Baştutanymyz forumda sanly ulgam arkaly çykyş edip, durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş maksat bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Ýurdumyzda durmuşa geçirilen iri maýa goýum taslamalarynyň hatarynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatyndaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar. Bellenilişi ýaly, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar, ýurdumyzyň nebitgaz toplumy, energetika pudagy döwrebap ösdürilýär.

Daşary ýurtly wekiller forumyň umumy mejlisindäki çykyşlarynda häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüş üçin gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň parahatçylygyň, abadan geljegiň kepilidigini, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Mejlisiň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi ilerletmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Şol gün Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergileriň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi. Iki günläp dowam eden wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, ykdysady ösüş, abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň üstünliklerini açyp görkezmäge gönükdirildi. Bu, öz gezeginde, dünýä bileleşiginde, ilkinji nobatda, daşary ýurt işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi munuň aýdyň güwäsidir. Olaryň arasynda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri, daşary döwletleriň ugurdaş düzümleri, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler, hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak üçin amatly meýdança öwrüldi. Giň gerimli sergi birnäçe bölümden ybarat bolup, bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitledi.

Innowasiýalary mundan beýläk-de ornaşdyrmak babatda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleri Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan emeli aň ulgamyndaky täze taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gezekki çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy.

Forumyň ikinji gününde ýaş telekeçileri goldamaga we Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmäge gönükdirilen «Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Duşuşykda söwda-ykdysady ulgamda alnyp barylýan netijeli döwletara hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Nebitgaz pudagy hem ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy bellenildi.

11-nji sentýabrda Mary welaýatynda taryhy ähmiýetli desgalaryň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary bar.

Dabaralara sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize sanly ulgam arkaly ýüzlenip, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bularyň ählisi Türkmenistanyň we Owganystanyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alýandyklaryny görkezýär.

Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen, Türkmenistanyň hem Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek, durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu taslamalaryň ykdysady, senagat, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Olar Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň duşuşygy boldy. Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi. Myhman owgan we türkmen halklarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän gatnaşyklarynyň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny nygtady.

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümine — pagta ýygymyna badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, möwsümiň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Geçen hepdede türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi iberildi. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç haty kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde milli parlamentiň alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy.

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Hususan-da, Mejlis tarapyndan milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyny, bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleler boldy. Mundan başga-da, şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, 19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Tutuş ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden guramagyň wajypdygy nygtaldy. Şolaryň hatarynda Halk Maslahatynyň mejlisi, ykdysady üstünlikleriň sergisi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleri bar. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak, şu ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edildi. Şeýle hem sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada Maksatnamany taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda 14-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyny görkezmek bolar. Maslahata daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekilleri gatnaşdylar. DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri giňden wagyz edýärler, milli medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrýarlar.

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk, dost-doganlyk, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow