Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 07.09.2024
1695

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga; «Daşary ýurt “akylly” şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň Arkadag şäheriniň düýbüni tutup hem-de dabaraly ýagdaýda açyp bermegiňiz bilen, halkymyza egsilmez bagt we şatlyk paýlan bu ajaýyp şäher dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bu bolsa döwrebap hem kämil şäheriň ýokary derejede gurlandygyndan, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginden habar berýär.

Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher adyny alan Arkadag şäheri watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, hyjuwly zähmet çekmegini, medeniýetli dynç almagyny üpjün edýär. Tämiz howasy, özboluşly ekologik gurşawy bilen Köpetdagyň eteginde gurlan, ähli amatlyklarydyr mümkinçilikleri özünde jemleýän bu «akylly» şäher bagtyýar şu günüň hem-de geljegiň şäheridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Onuň çäklerinde lukmançylyk klasteri, gadymy senedimizi mundan beýläk-de kämilleşdirjek haly kärhanasy, halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna bagyşlanýan milli muzeý, döwrebap metjit we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar bina ediler. Bularyň ählisi şäheriň çäksiz mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.

Sanly tehnologiýaly, innowasion mümkinçilikleri bolan, multimedialaşdyrylan «akylly» binalar amatlylygy, ygtybarlylygy, elýeterliligi bilen Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Şäher täsin hem-de özboluşly tebigy gurşawy bilen hemmeleri haýran galdyryp, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy, 21 sany halkara baýraga eýe bolmagy Arkadag şäheriniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da beýgeldýär.

Hormatly döwlet Baştutanymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine gatnaşmagy we bu ýerde “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň aýratynlyklarynyň açylyp görkezilmegi sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýlelikde, Siziň yzygiderli hemaýat-goldawlaryňyz bilen gurlan Arkadag şäherine «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» atly baş baýrak, «Daşary ýurt “akylly” şäheri» hem-de «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly halkara baýraklar gowşuryldy. Munuň özi bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, Arkadag şäherine bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Pursatdan peýdalanyp, Arkadag şäheriniň bu abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
top-arrow