Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany
Jemgyýet
Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany
Çap edildi 19.08.2024
1152

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda şu geçen ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar.

Kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada ir bilen baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda ilkinji gezek geçirilýän çagalar harytlarynyň sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çagyryldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda: «Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär» diýlip bellenilýär. Dürli öwüşginli ekspozisiýalaryň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz halkara sergi-ýarmarkasynyň Türkmenistanyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka, onuň diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine hem öwrüljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň Sanawyna laýyklykda geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly serginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüljekdigini aýtmak bolar.

Dört günläp dowam etjek forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar.

Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ýaşajyk raýatlarda uly şatlyk döretdi. Her dürli oýunjakly, stoluň üstünde oýnalýan oýun görnüşli we pikirlenişi ösdürýän okuw gollanmaly diwarlyklaryň öňi aýratyn köp adamly boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr. Täsin hem-de bagy-bossanlyga bürenen künjek bolan Gökderedäki, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän häzirki zaman çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri munuň aýdyň güwäsidir. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da bina edildi. Tomusky dynç alyş möwsüminde şol ýerlerde çagalar üçin köp sanly gyzykly wakalar, duşuşyklar, medeni-sport çäreleri, aň-paýhas, döredijilik bäsleşikleri guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işleri Watanymyzyň nurana geljegi üçin ýokary jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Her bir adamyň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleridir gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary çagalyk ýyllarynda kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm, strategik maksatlarynyň biridir. Şonuň üçin serginiň aýratyn bölümleriniň çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanmagy tötänden däldir. Ýurdumyzda emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny we köptaraply zehinlerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň ösmegine, bu babatda ugurdaş düzümleriň döredilmegine gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar hem şu wezipelere gulluk edýär.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hemmetaraplaýyn ösmekleri, oňaýly dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Çagalar baglarynyň döredijilik gurnaklary, sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglar bilen üpjün edilmegi döwrebap ölçeglere laýyk gelýär. Garaşylyşy ýaly, çagalara bilim bermegiň häzirki zaman ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar sergä gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Şunda guraýjylar inklýuziw bilim we ösüş aýratynlyklaryna eýe bolan çagalary terbiýelemek ýaly möhüm ugry hem ünsden düşürmändirler.

Halkymyzyň ýokary ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda ene-atasyndan jyda düşen, howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. Döwletimiz ykbalyň emri bilen ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýyna düşen ýaşajyk ildeşlerimiziň durmuş goraglylygynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini kepillendirip, olaryň jemgyýete goşulyşmaklaryna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen goldaw-kömekleri berýär. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gaznanyň hasabyna yzygiderli gelip gowuşýan pul serişdeleri çagalaryň tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlaryna, olaryň doly derejeli dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki zerurlyklara gönükdirilýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi ikuçsuzdyr. Bu ýerde sapaklar üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri diňe bir synlap däl, eýsem, amatly bahadan satyn alyp hem bolýar. Däbe görä, tomsuň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde her ýyl ýaýbaňlandyrylýan mekdep bazarlarynda bolşy ýaly, bu ýerde-de islegiňe görä, mekdep lybaslaryny, aýakgaplary, okuw torbalaryny, ýazuw depderlerini we beýlekileri saýlamaga mümkinçilik bar.

Sergä gatnaşýan döwlet we hususy düzümlere, daşary ýurt kompaniýalaryna öz alyp barýan işleri, önümleri, hödürleýän hyzmatlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmaga amatly şertler döredildi. Bu ýerde görkezilýän neşir önümleri, şol sanda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde-de giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň eserleri gözden geçirilişe gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna möhüm orun berlipdir.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň arasynda «Göreldeli», «Iş nokady», «Gujurly» «Netijeli binýat» ýaly ýurdumyzyň belli bilim merkezleri ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnama boýunça giň ugurly bilim hyzmatlaryny ilata hödürleýärler. Gözden geçirilişiň çäklerinde çagalar harytlary we hyzmatlar pudagyndaky täzeçil önümlerdir tehnologiýalara uly ähmiýet berildi. Bu ugurda ýöriteleşen meşhur kompaniýalaryň täzeçil işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary göz öňünde tutuldy. Munuň özi bu ulgamdaky täzelikler bilen tanyşmaga, özara tejribe alyşmaga şert döreder.

Serginiň ilkinji gününde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ýokary gyzyklanmasyna eýe boldy. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşlere baýdygy hususy pudagyň ägirt uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ugruna eýerip, telekeçilik işini, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär. Bu çäreler “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýär. Maksatnama ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, Türkmenistanda hususy öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş taýdan abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Döwletimiz soňky ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan, “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanly önümleri daşarky bazarlarda işjeň ýerlemek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Milli azyk senagatynyň önümleri — ajaýyp tagamy we hili bilen tapawutlanýan çaga iýmitleri, miweli içgiler, gazlandyrylan suwlar, süýji-köke önümleri alyjylaryň uly islegine eýe bolup, giňden tanalýar. Ýerli önüm öndürijileriň bu ýerde görkezilýän harytlarynyň kabul edilen halkara ölçegleriň ekologik, gözellik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda platformalary we internet dükanlary hem bar. Halkara gözden geçirilişiň çäklerinde el işine ussatlaryň taýýarlan önümleriniň ýarmarkasy-da geçiriler. Onda halkymyzyň milli sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän sungat eserleri görkeziler.

Şu gezekki sergä dabaranyň esasy gahrymanlary bolan ýaşajyk raýatlaryň işjeň gatnaşmagy onuň esasy aýratynlygy boldy. Ýurdumyzyň belli modeller öýleriniň täze taýýarlan, owadan çaga lybaslarynyň görkeziliş dabarasy hem hut şolara gönükdirildi. Zehinli dizaýnerlerimiz tarapyndan döredilen her bir lybas özünde däp bolan milli äheňleri we dünýäniň häzirki zaman modasynyň ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrmak bilen, gaýtalanmajak esere öwrülýär.

Bu ýerde çagalar üçin birnäçe interaktiw zolaklar döredilipdir. Ýaşajyk türkmenistanlylar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen meşgullanyp bilerler. Gürrüň, ilkinji nobatda, çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklar hem-de kiçi ýaşly çagalar, ýetginjekler üçin heýkeltaraşlyk, suratkeşlik, nakgaşlyk ýaly ugurlar boýunça köp sanly ussatlyk sapaklary barada barýar.

“Çagalygyň täsin dünýäsine” gelýän ýaş nesliň wekilleri üçin meşhur ertekileriň, belli multfilmleriň gahrymanlarynyň keşbini döreden animatorlaryň, artistleriň dürli tanyşdyrylyş çärelerini, ýaşajyk zehinleriň ukyp-başarnyklaryny görkezýän şüweleňini, türkmen sportunyň ýyldyzlarynyň sport çykyşlaryny we olar bilen duşuşyklary guramak hem göz öňünde tutuldy.

Geçiriljek çäreler ýurdumyzyň geljegi bolan çagalara diňe bir ýatdan çykmajak täsirleri we şatlykly duýgulary bagyşlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary çäksiz alada bilen gurşap alýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döredýän Watanymyza bolan söýgini hem artdyrar. Çagalaryň bagtyýar gülküsi sergini guraýjylar üçin iň gowy peşgeşdir.

Sergi-ýarmarkanyň jemleýji gününde çagalaryň çeken suratlarynyň we elde ýasan oýunjaklarynyň bäsleşikli söwdasynyň geçirilmegine garaşylýar.

Merkezi Aziýa sebitinde şu ugra ýöriteleşen bu iň iri sergi ösüp gelýän ýaş nesle niýetlenen önümleriň köp sanly görnüşleri bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Ol ýurdumyzyň döwlet, hususy düzümleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, çagalar harytlary senagatynda iň täze işläp taýýarlamalary ulanmakda tejribeleri işjeň alyşmak üçinem amatly meýdançadyr.

“Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde göz öňünde tutulan işewürlik duşuşyklary Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine, ýagty geljek üçin ählumumy tagallalara esaslanýan ynanyşmak gatnaşyklaryna hemişe açykdygyny aýdyň görkezýär.

Sergi öz işini 22-nji awgustda tamamlar. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow