Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymlaryny ilerledýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymlaryny ilerledýär
Çap edildi 18.08.2024
609

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitini we ikitaraplaýyn duşuşygy Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglylykda yza süýşürmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp, ähli türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýändigini, ony ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunda ýurtlarymyzyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda senagat pudagyny, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlaryny öz içine alýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň ösdürilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, ýapon tarapynyň hem netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini we bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýakyn wagtda gepleşikleriň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji awgustda Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin “merjeni” hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardy. Şol günüň ertesi döwlet Baştutanymyz Günüň dogýan çagynda Hazar deňziniň ajaýyp howasyndan lezzet alyp, onuň kenarynda welosipedli gezelenç etdi.

Ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň çäginde ýakymly howa gurşawynyň bolmagy deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak hem-de öwrenmek üçin amala aşyrylýan giň gerimli işler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny şertlendirip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny artdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda “Arçman” şypahanasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň täze neşir edilen kitabyndan goşgulary okady we “Arçman” şypahanasynyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.

Geçen hepdede “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy wakalarynyň biri boldy. Maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk hem-de akwakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar. Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, şol sanda “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren, Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, ekologik meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdança hökmünde «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibine aýratyn üns çekildi.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde sergi we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

2025-nji ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Türkmenistanyň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Daşary işler ministrliginiň geçen hepdede çap edilen beýanatynda bellenilişi ýaly, öňde boljak sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylan ýurdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Şolaryň hatarynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmek, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmek ýaly teklipler bar. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeginiň çäklerinde ulag, energetika howpsuzlygy, daşky gurşaw, ynsanperwer ulgam, sport diplomatiýasy boýunça meselelere aýratyn üns berer. BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny (UNSPAS) döretmek boýunça işler dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda köpçülige ýetirilen täze neşiriň makalalarynyň aglaba bölegi Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň durmuş ýoly, baý döredijilik mirasy, çeper pikirlenmeleriniň aýratynlyklary barada maglumatlary özünde jemleýän ylmy gözleglere bagyşlanýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çaphana usulynda neşir edilen žurnalyň nobatdaky sany köpöwüşginli fotosuratlar bilen bezelipdir.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kuwwatly ykdysady mümkinçiligine, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, halkymyzyň özboluşly medeni mirasyna, ruhy baýlygyna esaslanýan daşary we içeri syýasatynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyndaky çykyşy
11.10
Paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy başlandy
11.10
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
10.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
10.10
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow