Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda öňe süren, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletleýin geljege niýetlenen köptaraply halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary hem bu möhüm wezipeler bilen baglydyr.
5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, halkara giňişlikde özara hereketleri utgaşdyrmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns çekildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygy tassyklanyldy.
9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş etmek bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistanyň olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygynyň ýokdugy baradaky pikir beýan edildi. Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagy olaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Munuň özi bäştaraplaýyn syýasy dialogyň, ilkinji nobatda, sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işiň ýokary netijeli bolmagyny üpjün eder, diňe Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna degişli hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.
Serhetlerdäki durnuklylyk, asudalyk sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şunda Owganystan ugry boýunça hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy-diplomatik, hukuk goraýjy we ýörite ulgamlardaky ylalaşykly hereketleriniň sebitde durnuklylygyň ýene-de bir möhüm ugrudygyny belledi. Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda bäş ýurduň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarynyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegi wajyp hasaplanýar.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmagyň sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy ornuň degişlidigi nygtaldy. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitiň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz halkara energetika hyzmatdaşlygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň eýeleýän orny barada aýdyp, bar bolan hem-de ýakynda dörediljek täze senagat, oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň strategik maksatdygyny belledi. Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan beýleki ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialog, dünýäniň ykbaly, häzirki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri, garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garalýandygy bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda şeýle dialogyň aýratyn islege eýedigini nygtap, ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli, giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine hem-de şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.
Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdi bar. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin düzümde dowam etdi. Oňa hormatly myhmanlar hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn meýdançalarda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, paýtagtymyza gaýdyp geldi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda sammitiň gün tertibine hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şu formatyň çäklerinde bilelikdäki işiň netijeleri, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli dialogy dowam etdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ýaly ulgamlarda, telekeçilik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we ony giňden wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine barandygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri, olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri sport ulaglarynyň biriniň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirmek maksady bilen, merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollary boýunça çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.
Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny we ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň ýerleşmeginiň raýatlaryň rahatlygyny bozup biljekdigini nazara alyp, merkezi göçürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanylýan «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň ýedinji sany okyjylara ýetirildi. Neşiriň täze sany Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran saparyna bagyşlanan «Ady dünýä dolan beýik Pyragy» atly makala bilen açylýar.
Fransiýanyň paýtagtynda geçýän Olimpiýa oýunlary baradaky makala hem-de Türkmenistanyň ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşmagynyň dowamyndaky wakalary beýan edýän makala okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek. Mundan başga-da, žurnalda sanly tehnologiýalara, meşhur Aýal bagşy barada we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna bagyşlanan makalalar hödürlenilýär. Onda ýaş şahyrlaryň goşgulary hem ýerleşdirilipdir. Neşiriň täze sanyny «Türkmenmetbugat» mobil goşundysy we turkmenmetbugat.gov.tm web saýty arkaly ýükläp alyp bolýar.
Budapeştde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Wengriýanyň paýtagtynyň ilaty ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýeti hun we türki halklaryň gadymy däp-dessurlaryny şöhlelendirýän gurultaý-festiwala, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň maksady beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny belende götermekden, dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmakdan, onuň zehininiň çuňlugyny düşündirmekden, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dabaralandyrmagyň möhüm şertidir.
Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylda Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisindäki çykyşynda Magtymgulynyň ýubileýiniň diňe bir dabaralar bilen çäklenmeli däldigini, medeni-ynsanperwer, ruhy, ylym-bilim ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny kemala getirmek üçin başlangyç bolup hyzmat etmelidigini aýdypdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahatlar, mowzuklaýyn duşuşyklar, sergiler, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyran beýik söz ussadynyň hormatyna dünýäniň dürli künjeginde onuň heýkelleri bina edildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döredijilikli strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.