Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 13.07.2024
1004

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen, beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen “Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Tertipnamasynyň VI maddasyna üýtgetmäni tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamak hem maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Onda agentligiň maksadynyň bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, saglygy, abadançylygy pugtalandyrmak üçin atom energiýasynyň has tiz hem-de giňden ulanylmagy bolup durýandygy bellenilýär. Deputatlar “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny-da ara alyp maslahatlaşdylar. “1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamagyň barşyndaky çykyşlarda bu Teswirnama gatnaşyjy döwletleriň senagat eýeçiliginde Ýewraziýa ulgamyny giňeltmegiň zerurdygyna üns çekilip, ylalaşýan döwletleriň içerki bazarlaryny ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň her ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde maglumat bilen çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, parlamentariler Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň çykyşyny diňlediler.

Soňra “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun Türkmenistanyň býujet ulgamyny guramagyň hem-de dolandyrmagyň umumy ýörelgelerini hem-de ýurdumyzda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklaryň esasyny kesgitleýär. “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy. Ol Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de “Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garamagyň barşynda bu hukuk namasynyň bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, olaryň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilendigi aýdyldy. Maslahatda “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” hem-de “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ylmy-tehniki syýasat Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň düzüm bölegi bolmak bilen, bu syýasatyň maksatlaryny amala aşyrmagyň ugurlaryny, döwlet häkimiýet edaralarynyň ylym we tehnika ulgamynda ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

“Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasy boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden wagyz edilýär, her bir raýatyň beden, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Maslahatda “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun ösümlikleriň tohumlaryny öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we ulanmak boýunça işleriň, tohumçylyk işini guramagyň, Türkmenistanda tohumçylyk ulgamynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň hukuk esasyny kesgitleýär. Şunda bu kanunçylyk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kämilleşdirilýändigi we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmäge, ugurdaş ulgamlaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanun taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunlaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarda okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin oňyn şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow