Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 01.07.2024
2171

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, diplomat hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Daniel Ortega Saawedranyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Nikaragua Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, ony innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap infrastrukturany döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ýaşaýyş derejesini yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

Ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna Nikaragua Respublikasynyň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tatýana Daniela Garsiýa Silwa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Nikaragua Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de bähbitleriň umumylygyna esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwany Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň tejribesi hem-de şahsy häsiýetleri özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwany hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size tüýs ýürekden bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Daniel Ortega Saawedra,

Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow