Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
Medeniýet
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
Çap edildi 24.06.2024
2383

Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar — medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, kitaphanaçylar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada gürrüň etdiler.

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýandygy bellärliklidir. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir. Şu gezekki forumyň barşynda-da halkara ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, adamzadyň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegini düzýän türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terjime edilmeginiň ähmiýeti barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda şahyryň meşhur goşgulary okaldy.

Çykyşlarda ömrüni hiç haçan gymmatyny ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ruhy we aň-paýhas ösüşindäki iň görnükli şahsyýetleriň biridigi bellenildi. Ýygnananlar dünýä halklarynyň çeper pikirlenişiniň ösüşine uly täsirini ýetiren görnükli nusgawy şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäklerden çykyp, has çuňňur, hemmetaraplaýyn öwrenmegi talap edýändigine ünsi çekdiler.

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn aladalary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, maslahata gatnaşyjylar öňde goýlan wezipeleri çözmekde ähli tagallalaryny, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň bilelikdäki konserti baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin çaýdy. Birleşen orkestr toparynyň ýerine ýetirmeginde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanan “Kerwen” atly saz ýaňlandy. Umuman, dünýäniň we milli nusgawy sazlarynyň hazynasyndan sazlaşykly ýerine ýetirilen çykyşlar diňleýjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadagly Gahryman Serdarymyz” atly ruhubelent aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana geljege barýan Garaşsyz ýurdumyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanç kelamyna öwrüldi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çäreleriň her biri döwletimiziň aýdym-saz, opera, teatr, kinematografiýa, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Şu günüň baýramçylyk çäreleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” atly opera spektaklynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Bu sahna eseri ýerine ýetirilen keşpleriň aýdyňlygyny, sazlaryň, lybaslaryň gözelliginiň sazlaşygyny özünde jemledi. Şahyryň gymmatly mirasynyň many-mazmuny opera eserine aýratyn öwüşgin çaýan gaýtalanmajak bezeglerde-de aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow