Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir
Jemgyýet
Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir
Çap edildi 15.06.2024
1038

Şu gün Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu çäre döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýoly türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine, şeýle-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen Milletler Bileleşiginiň hormatyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.

Durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanda şöhratly ata-babalarymyzyň edermenliginiň iň gowy häsiýetleri esasynda terbiýelenen harby hünärmenleriň täze nesli kemala geldi. Olar bu gün milli howpsuzlygymyzy, parahatçylyk, dostluk serhedi bolan döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini ýokary derejede üpjün edýärler.

Harby akademiýanyň we ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ýaş serkerdeleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän täze okuw dersleri girizildi. Olara bilim bermek işinde innowasion usullar, multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Ylmyň soňky gazananlarynyň hasabyna okuw usulyýetleriniň kämilleşdirilmegi harby talyplaryň okuwa bolan höwesini has-da artdyrýar. Şunda ýaşlaryň harby-watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, halkymyzyň milli watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlarda söweşjeň ruhy häsiýetleriň terbiýelenilmegi, harby gullukçynyň hünäriniň abraýynyň ýokarlandyrylmagy, olarda ata Watanymyzyň ykbalyna bolan jogapkärçilik duýgularynyň ösdürilmegi we oňa wepaly gulluk etmäge bolan höwesiň artdyrylmagy harby okuwlaryň binýatlaýyn esasyny düzýär.

...Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Watan mert pederlerimiziň bize miras goýan mukaddesligidir. Çünki şöhratly ata-babalarymyz ata Watanymyzyň berkarar bolmagy ugrunda gahrymançylyk görkezip, türkmeniň adyny taryhyň sahypalaryna öçmejek harplar bilen ýazmagy başardylar. Şoňa görä-de, gaýratly atalarymyzyň watanperwerlik mekdebini dowamata atarmak, olaryň watansöýüjilik, edermenlik ýoluna wepaly bolmak her bir türkmen perzendi üçin belent mertebedir” diýlip bellenilýär.

Soňra Harby akademiýanyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlary we degişli döşe dakylýan nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çäräniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Olar milli däplerimize eýerip, harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, şöhratly pederlerimiziň nusgalyk harby däplerini uly hormat bilen dowam etdirmäge taýýardyklaryna kasam etdiler. Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýalary, dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymy dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, halkymyzyň parahat durmuşynyň goragyna gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyzda Ýaragly Güýçleri häzirki döwrüň talabyna we ýörelgelerine laýyk derejede özgertmek, Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzyň durnukly demokratik ösüşiniň ygtybarly binýady bolan Milli goşunymyzy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Watan goragçylarynyň mynasyp gulluk etmegi, durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde harby şäherçeler, serhet galalarynda harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş merkezleri, sport toplumlary, medeni ojaklar gurlup ulanmaga berilýär.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň dabaraly harby ýörişi Watan goragçysy diýen asylly hünäre eýe bolan uçurymlaryň her biriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ýokary bilim almak bilen bagly ajaýyp pursatlaryň jemlenýändigini alamatlandyrdy. Kasama wepaly, bilimli, ýokary hünärli, edermen, saýlap alan hünärine ezber harby gullukçylar Milli goşunymyzyň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin biz olara ata Watanymyzy goramagy ynanýarys.

Harby akademiýanyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, serkerdeleri, professor-mugallymlary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýaş serkerdeler harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri baradaky yzygiderli aladalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan edip, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň hatyrasyna jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

***

Şol gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy geçirilip, olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Ýokary taýýarlykly ýaş hünärmenler harby kasama wepaly bolup, Hazar deňzinde ýurdumyzyň bähbitleriniň goragyny üpjün etmek boýunça öňlerinde duran jogapkärli wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow