Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeň giňeltmäge mümkinçilik berer.
Maslahatyň işi Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek — geljegiň energiýasy» atly sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlykdan başlandy. Gözden geçirilişde milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijeleri, ýurdumyzda durmuşa geçiren hem-de işläp taýýarlan taslamalary görkezildi. Mowzuklaýyn bölümler häzirki wagtda energetika senagatynda giňden ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara we döwrebap enjamlara bagyşlandy.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda biziň ýaşaýan asyrymyzyň tehniki we durmuş ösüşi bilen häsiýetlenýändigi bellenilýär. XXI asyryň ägirt uly tizlikli ylmy-tehniki ilerlemeleri dünýä döwletleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hem ähli ugurlaryna, şol sanda ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, nazary, amaly we düýpli ylmy barlaglary geçirmek, ylymlary döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek ýaly möhüm meselelere täsirini ýetirýär.
Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň halk hojalyk toplumynyň ähli ykdysady işleriniň we pudaklarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip durmagyna özboluşly maýa goýmakdygyny bellediler. Ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýan senagat innowasion klasterleri we tehnologiýa merkezleri şeýle ykdysadyýetiň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik gözlegleri, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge ýardam edýändigi nygtaldy.
Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy ugur edinmek ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiz islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şonça ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamagyň möhümdigini nygtaýar. Şunda ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşykly işine diňe bir alymlaryň däl, eýsem, inžener-tehnologlaryň, oýlap tapyjylaryň, täzeçil çemeleşýän adamlaryň, önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň ylmy geljeginiň dünýäniň ylmy giňişligine çalt goşulyşyp, netijeli işleri alyp barmak, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen hem berk baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Maslahatyň dowamynda sanly çözgütleri we intellektual mümkinçilikleri, bilim, ylym, sanly ykdysadyýet ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmagyň geljegi uly ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Umumy mejlisde beýan edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşiniň möhüm nazary we amaly meselelerini öz içine aldy.
Daşary ýurtly alymlar öz wekilçilik edýän ylmy edaralarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary barada maglumat berdiler hem-de energetika geçişi boýunça jemgyýetçilik diplomatiýasy, energetika taýdan netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary öwrenmek, nano-, bio-, himiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Gyzyklanma bildirilýän mowzuklar boýunça özara pikir alyşmalar bilen bir hatarda, foruma gatnaşyjylar mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ýaş innowatorlar» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.
Soňra maslahat öz işini bäş bölümçede dowam etdi. “Himiki tehnologiýalar we ekologiýa” atly bölümçäniň mejlisine gatnaşyjylar daşary ýurtly wekilleri daşky gurşawy goramak, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamlarynda iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrdylar. Bu mejlisiň gün tertibine “Türkmenistanyň biologik dürlüligini öwrenmekde halkara hyzmatdaşlygyň orny we ähmiýeti”, “Çalgy ýaglarynyň önümçiliginiň goşmaça önümlerini gaýtadan işlemek”, “Senagat akyndy suwlaryny arassalamagyň usullary” ýaly mowzuklar girizildi. “Nanotehnologiýalar we energetika” atly bölümçede edilen çykyşlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň, energetika netijeliliginiň meselelerine we bu babatda Türkmenistanyň gazananlaryna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň energiýa tygşytlylygyna, olary elektroenergetika pudagyna birikdirmegiň tehniki-ykdysady binýadyna garaldy. “Bio-, iýmit we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary” atly mejlisde “Bionanotehnologiýalar usullary arkaly sianobakteriýalary senagat önümçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri”, “Oba hojalyk ylmynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir”, “Duza durnukly ekinleri ulanmak arkaly şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak”, “Köpetdagyň endemiki ösümlikleriniň ylmy seljermeleri” ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar boldy.
“Maglumat-aragatnaşyk we geografik maglumat ulgamlarynyň tehnologiýalary” atly bölümde NDVI wegetasion indeksiniň Türkmenistanyň demirgazyk-günbataryndaky öri meýdanlarda howanyň üýtgemegine we gurakçylyga baglylygyna baha berildi. Uglewodorodlary arassalamakda mukdar çözgütleri meselelerine aýratyn üns çekildi. Çykyşlaryň esasy bölegi dürli ulgamlarda maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar ulgamynda gazanylanlara we wezipelere, häzirki zaman şertlerinde kiberhowpsuzlyk meseleleriniň çözülişine, kosmos tehnologiýalary boýunça geografik maglumat ulgamlary barlaghanasynyň tejribesine garaldy. “Innowasion ykdysadyýet” atly mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň ugurlary, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde telekeçiligiň orny, häzirki zaman şertlerinde «ýaşyl» ykdysadyýetiň aýratynlyklary, döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek ulgamynyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, şu gezekki ylmy maslahat diňe bir toplanan bilimleri we alymlaryň gazananlary barada düşünjeleri düýpli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna hem uly goşant goşar.
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.