Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar
Çap edildi 06.01.2017
1372

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir. Maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek üçin “Euronews”, Hytaýyň CCTV, Rossiýa-24 ýaly dünýä belli teleýaýlymlar bilen hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Bu ýaýlymlar boýunça Aziada-2017-ä bagyşlanan wideorolikleri, mahabat şekillerini, ýörite reportažlary we telegepleşikleri görkezmek teklip edilýär. Milli elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Halkara sport federasiýalarynyň web-serişdelerini işjeň peýdalanmak, şeýle hem Youtube, Facebook, twitter, instagram we beýleki halkara durmuş ulgamlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak bellenildi. Aziýa oýunlaryny giňden beýan etmekde tanyşdyryş çärelerine uly ähmiýet berler, olary fewral aýynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlary, Gazagystanyň Almaty şäherinde ýanwar-fewral aýlarynda geçiriljek Bütindünýä gyşky uniwersiada, iýul aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçiriljek Yslam sport oýunlary we beýleki iri çäreleriň barşynda geçirmek meýilleşdirilýär. BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we Ženewadaky ştab-kwartiralarynda Aziada bagyşlanylan sergileriň we tanyşdyryş çäreleriň birnäçesi guralar. Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlaryny, media-forumlary, metbugat maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem Aziada-2017-ä bagyşlanan ýörite sahypalar dürli žurnallarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmäge taýýarlanylýar.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow