Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap
Çap edildi 21.05.2024
974

Geçen hepdede ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Bu baýram halkymyzyň öz garaşsyz, erkin döwleti, milletimiziň agzybirligi, jebisligi, ruhy galkynyşy baradaky hasyl bolan arzuwlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 300 ýyl mundan ozal türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy öz eserlerinde şu maksatlara ýetmäge çagyrypdyr.

18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Şol gün tutuş Diýarymyz boýunça dabaraly çäreler, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri guraldy. Olaryň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Geçen hepdäniň başynda — 13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görmek, pile möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, halkara düzümleriň çäklerindäki, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy hormatly Prezidentimizi “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ýaponiýada guraljak “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilýän dabaralar iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekillerini birleşdirýän parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy hem geçirildi.

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle-de medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek, Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Pursatdan peýdalanyp, myhman ýubileý ýaş toýuna berlen gymmatly sowgat — Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi bilen başlanýan we dört dilde — türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde çap edilen öz goşgular kitaby üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hanym Neda Bergeriň arasynda geçirilen duşuşykda Milli Liderimiz myhmany ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady we ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem tebigy gazyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Lebap we Mary welaýatlarynyň meýdançalarynda geçirilýän buraw işleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyny alyp barmak boýunça ýörite programma üpjünçiligini taýýarlamak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipler beýan edildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini aýtdy. Ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberilmegi makul bilnen bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygy nygtaldy.

17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy geçirildi. Bu şanly waka söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli dabaralaryň özboluşly dowamy boldy. Döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.

Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, beýik akyldaryň “Türkmeniň” goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygryndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy hem öz ajaýyp eserlerinde ündäpdir.

Dabaranyň ahyrynda yşyklar we dürli şekiller, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan dronlaryň şüweleňi guraldy. Ajaýyp feýerwerk bolsa agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly ähli ulgamlarda iň gowy daşary ýurt tejribesini we döwrebap işläp taýýarlamalary peýdalanmagy ugur edinýändigini, şunda russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, köptaraplaýyn esasda hem, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Medeni-ynsanperwer ugur hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň Mejlisinde hytaý wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda parlamentara dialogy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça barha ösdürilýändigi bellenildi. Nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz forumdaky çykyşynda yslam ýurtlarynyň dünýädäki gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmäge, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog üçin şertleri döretmäge berk we ynamly çagyrmalydyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi hem-de ony BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu başlangyja çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “Ýol kartasy” hökmünde garaýar. Şunda Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň döwrüň talap edýän netijeli görnüşlerini bilelikde işläp taýýarlamaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji maýda Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Ýetilen sepgitler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda bilelikdäki täze taslamalaryň — Halkara söwda merkezi tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Aşgabatda guralan azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerinidir hyzmatlaryny görkezdi. Sergi meýdançasy oba hojalyk pudagynda diňe bir Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezdi. Bu ýerde Russiýanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Gözden geçirilişiň çäklerinde azyk önümçiliginiň täze tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň we önümleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Şeýle-de ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Olarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly teklipler beýan edildi.

16-njy maýda paýtagtymyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda kabul edilen jemleýji resminamada bu mejlisiň çözgütleri öz beýanyny tapdy we köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk mälim edildi. Foruma gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň “Biziň mirasymyz” atly taslamany işläp taýýarlamak boýunça teklibini biragyzdan makulladylar.

Paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Onda iki ýurdy jemgyýetçilik-syýasy taýdan ösdürmekde zenanlaryň eýeleýän orny, türkmen we hytaý zenanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Aşgabatda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogly Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Parasatly şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň baş maksady beýik söz ussadynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybarat boldy.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň batly gadamlaryny, döredijilik kuwwatyny aýdyň şöhlelendirdi. Beýik akyldaryň erkin, berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary bu gün hasyl boldy. Özygtyýarlylygyny gazanan türkmen halky häzirki döwürde asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar.

Soňky habarlar
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
04.11
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy
04.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler
03.11
Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
02.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
top-arrow